Mälim bolşy ýaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi hem Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan bäri her ýyl Garaşsyzlyk baýramyna gabatlap dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden çagyrýan adamlary bilen çäreler gurnaýar.
Türkmenistanyň metbugatynda bu çäreler, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň dürli ýurtlarda ýaşaýan türkmenler barada edýän aladalary hökmünde giňişleýin orun alýar.
Mälim bolşy ýaly, soňky wagtlarda diňe bir Siriýada we Yrakda ýaşaýanlar däl, eýse Türkmenistanyň "dul deňşir goňşusy" diýen ýaly türkmen-owgan serhedinde ýaşaýan owganystanly etniki türkmenleriň hem ýagdaýlary uruş şertlerinde hasam ýaramazlaşýar.
Dünýä türkmenleriniň aglaba köpçüliginiň uruş ýagdaýynda kyn günleri başdan geçirýän döwründe dünýä ýaýran türkmenlere hemaýatkärlik etmek maksady bilen döredilendigi aýdylýan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň olara nähili peýdasy bolýar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky gepleşigini şu tema gönükdirýär.