Türkmenistanda hasaba alynmadyk jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Muhammet Kelemenow häkimiýetleriň bikanun ýanamalary zerarly ahyry maşgalasy bilen ýurdy terk etmäge mejbur bolandygyny aýdýar.
Ozalky saglyk işgäri, soňra Aşgabatda hukuk goraýjy guramanyň düýbüni tutup, raýatlara hukuk kömegini bermäge çalşandygyny aýdýan Muhammet Kelemenow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde türkmen häkimiýetleriniň emlägigini konfiskasiý edip, indi aýalyny türmä basmak haýbatyny atandyklaryny aýtdy.