Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gunduzyň synmagy hökümetiň gowşaklygyny görkezýär


Gunduz şäherindäki owgan howpsuzlyk güýçleri. 29-njy sentýabr, 2015 ý.
Gunduz şäherindäki owgan howpsuzlyk güýçleri. 29-njy sentýabr, 2015 ý.

Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhedinde ýerleşýän welaýatyň paýtagtynyň talyban jeňçileri tarapyndan basylyp alynmagy, ýurduň Milli bütewi hökümetiniň häkimiýet başyna gelmeginiň bir ýyllyk senesine gabat geldi.

“Talyban” hereketiniň motosikletli hem-de ýeňil ýaraglanan ýüzlerçe jeňçisinden ybarat goşun tarapyndan 28-nji sentýabrda Gunduz welaýatynyň paýtagty Gunduz şäheri basylyp alyndy. Bu waka pitneçileriň soňky 14 ýylyň içinde Owganystanyň uly şäherleriniň birini ilkinji gezek basyp alandygyny aňladýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Owganystan we Pakistan boýunça öňki analitigi Marwin Weýnbaum (Marvin Weinbaum) Azatlyk Radiosynyň Gandagar websaýtyna beren maglumatynda bu waka şeýle baha berdi: “Talybanyň” üstünligi bir – juda wajyp – bir ýagdaýa bagly, bu hem onuň haýsydyr bir sebiti basyp alyp biljekdigi barada özüne bolan ynamydyr”.

Talybanyň üstünlikleri

Häzirki wagtda Waşintondaky Ýakyn Gündogar institutynda Günorta Aziýa boýunça spesialist bolup işleýän Weýnbaumyň aýtmagyna görä, owgan güýçleri şäherde hüjümleri alyp barýan mahaly “Talyban” şäheriň kontrollygyny uzak wagt öz gözegçiliginde saklap bilmese-de, gozgalaňçylar welaýatda öňküsi ýaly giňişleýin saklanyp galar.​

Owgan güýçleri "Talybana" garşy söweşýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:39 0:00

Soňky ýyllarda “Talyban” [söweşlerde] taplanan, merkezi aziýaly müňlerçe söweşijileriň kömegi bilen Gunduzdaky hereketlerini artdyrdy. Geçen ýyl Pakistanyň hökümetiniň merkezi aziýaly söweşijileriň Demirgazyk Weziristandaky buky ýerlerine giňişleýin hüjümleri amala aşyrmagy netijesinde, olar Owganystana tarap gysylyp çykaryldylar. Pakistanyň Demirgazyk Weziristan sebiti Owganystanyň günbatar serhediniň golaýynda ýerleşýär.

“Talybanyň üstünlikleri, halkyň psihikasyna urgy bolup, ilatyň Kabuldaky hökümete bolan ynamyny ýitirmegini çaltlaşdyryp biler. Şeýle-de, bu ýurtdan göçüp gidýän ýaşlaryň sanynyň hem artmagyna getirip biler” diýip, Weýnbaum belleýär.

Owgan hökümeti

Şol bir wagtda Kabulda Owganystanyň hökümeti bu şowsuzlykdan, ýagny [Gunduz şäheriniň kontrollygynyň elden berilmeginden] soň, badyny gaçyranyny bildirmezlige synanyşýar. Prezident Aşraf Gani Owgan howpsuzlyk güýçleriniň Gunduzyň kontrollygyny gaýtadan yzyna aljakdygyny söz berdi.

Gani owganlary ýurduň howpsuzlyk güýçlerine ynanmaga we “gorka hem-de terrorçylyga” boýun bolmazlyga çagyrdy.

Owganystanyň prezidenti 29-njy sentýabrda Kabulda žurnalistlere beren maglumatynda “Owganystanyň hökümeti jogapkär hökümetdir. Ol şäherdäki öz raýatlaryny bombalap bilmez we ol muny etmez. Şol sebäpden hem men ministrlere, komandirlere hem-de howpsuzlyk we beýleki resmileriň ählisine ilki bilen parahat ilatyň janyny goramagy tabşyrdym” diýip belledi.

Emma Gunduzda garşylyklaýyn hüjümler örän çylşyrymly bolup, töwekgelçiliklerden doly bolar. Bu regiondaky ýagdaýlar bilen ýakyndan tanyş günbatar resmisi Gunduzyň ozal Owganystanyň Milli bütewi hökümetiniň öz arasyndaky içki dartgynlylygyň sebäp bolandygyny ýatladýar.

Owgan hökümetindäki toparlanşyklar

“[Gunduz] etniki taýdan garyşyk bir territoriýa we onda ýeriň, suwuň we ýollaryň üstünden kontrollyk bilen baglanyşykly ençeme dawalar bar. Bu dawalar hem bu ýere hökümetden we howpsuzlyk güýçlerinden dolandyryjy ýolbaşçylaryň wezipä bellenilmegi bilen baglanyşykly jedelleriň döremegine sebäp bolupdy” diýip, owgan hökümetiniň ynjyklygy sebäpli öz adynyň tutulmazlygyny sorap, agzalýan şahsyýet Azatlyk Radiosynyň Gandagar websaýtyna beren maglumatynda nygtaýar.

Owgan Milli bütewi hökümetiniň arasyndaky toparlanyşyklar we güýçli şahslar Gunduzyň üstünde uzak wagtdan bäri uruş alyp barýarlar.

Onuň aýtmagyna görä, şu ýyl Kabulyň Gunduzdaky “Talybana” garşy göreşýän ýaraglylary goldamagy, bir-birine duşmançylykly güýçleriň döremegine sebäp boldy. Soňky aýlarda Gunduzyň ençeme ýaşaýjysy ýyrtyjy talaňçylara öwrülen ýaragly söweşijilerden şikaýat etdiler.

“Bularyň ählisi örän gowşak we öz içinde bölünen hökümetiň döremegine alyp barýar” diýip, günbatar resmisi belleýär.

Mundan onlarça ýyl ozal, ýagny 1980-nji ýyllarda Sowet basybalyşlary döwründe, Gunduz esasy uruş zonasy bolupdy. Soňra-da ol, 1989-njy ýylda Gyzyl Goşun Owganystany terk edensoň, Sowet Soýuzyna garşy urşan yslamçy mujaheddinleriň gözegçiligine geçen ilkinji şäherleriň biri bolupdy.

XS
SM
MD
LG