Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziza: Men azatdygymy aýtmak isleýärin


Aziza Petro
Aziza Petro

Türkmen asylly amerikan raýaty Aziza Petro ogly bilen ahyry Türkmenistandan goýberildi.

Soňky üç aýda Türkmenistana myhmançylyga baran aýalyny we iki çagasyny yzyna almak ugrunda irginsiz tagalla eden amerikan raýaty Maýk Petronyň Türkmenistandan Alternatiw habarlary çap edýän gurama aýtmagyna görä, Aziza ogly bilen Türkmenistandan sag-aman çykmaga rugsat aldy.

Aýdylmagyna görä, bu habar 23-nji sentýabrda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Ştatlara, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Aşgabatdan ugramazyndan bir gün öň belli bolupdyr.

Şol gün Aziza Türkmenabadyň Migrasiýa gullugyndan hoş habaryň bardygyny we gyssagly gelmelidigini aýdyp, telefon edipdirler.

Migrasiýa gullugynda onuň ähli maglumatlaryny kompýutere girizip, prezidentiň Azizanyň türkmen raýatlygyndan çykmak baradaky arzasyna baryp «Awazadaky» Ýaşulular maslahatyna gitmezinden öň (10-njy sentýabr) gol çekendigini aýdypdyrlar.

Soňra Azizany, türkmen pasportyny tabşyrmagy üçin, ýerli içeri işler bölümine iberipdirler we ol ýerde oňa pasportyny tabşyranlygy barada resminama berlipdir.

Aziza bankda döwlet gümrük tölegini töläp geleninden soň, Migrasiýa gullugy onuň we oglunyň amerikan pasportlaryna 2-nji oktýabra çenli möhlet goýlan çykyş wizasyny ýelmäpdir. Wizalar üçin 70 amerikan dollaryny tölemeli bolupdyr.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň raýaty bolan Aziza Petro Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak üçin Waşingtondaky türkmen ilçihanasynda arza berip, 2015-nji ýylyň iýunynda amerikan raýatlary bolan ogly we gyzy bilen garyndaşlaryny görmek üçin dogduk watanyna gelipdi. Olar yzlaryna 1-nji iýulda gitmekçidiler.

Emma olary Aşgabat aeportynda saklap, raýatlykdan çykmak baradaky arza prezidentiň gol çekmelidigini we ýurtdan diňe şondan soň çykyp biljekdiklerini aýtdylar.

Maýk Petronyň sosial ulgamlarda, metbugata, şol sanda Azatlyk radiosyna interwiýu berip, irginsiz alyp baran göreşinden soň, Aziza ahyry 26-njy sentýabrda ogly bilen Moskwa uçdy.

Ol Moskwanyň Domodedowo aeroportyndan Türkmenistanyň Alternatiw habarlary gullugyna «Men ahyry özümiň azatdygymy aýtmak isleýärin» diýipdir.

«Sag boluň, siz Türkmenistan we onuň halky üçin örän wajyp işleri edýärsiňiz» diýip, Azizo Petro sözüniň üstüni ýetiripdir.

XS
SM
MD
LG