Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baer: Türkmenistanyň borçlary bar


14-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ilçisi Daniel Baer Azatlyk Radiosyna ýörite interwýu berdi.

Amerikan resmisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň borçlarynyň bardygyny belläp, şeýle diýdi: “Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurt. Agza ýurtlaryň ählisiniň erkin we adalatly sud etmek, aç-açanlyk, tussaglara adalatly çemeleşmek meseleleri dogrusynda birnäçe borçlary bar. Şeýle-de, bu döwletleriň metbugat azatlygy, hususan-da garaşsyz žurnalistlere edilýän hüjümler bilen baglanyşykly borçlary bar. Bu borçlaryň bozulmagy, haýsy döwletde ýüze çykandygyna garamazdan, olar diňe Birleşen Ştatlaryň hökümeti üçin däl, eýse ÝHHG-ä agza beýleki ýurtlar üçin hem ýiti alada döredýän meseledir”.

Türkmenistan ýygnaga gatnaşman gelýär

Birleşen Ştatlaryň ÝHHG-däki ilçisi ÝHHG-niň öňümizdäki hepde Warşawada geçiriljek ýygnagynda Türkmenistandan gelen wekiller bilen hem duşuşyga garaşýandygyny aýtdy: “Men [Adam hukuklarynyň ýagdaýynyň berjaý edilişi boýunça öňümizdäki hepde Warşawada geçiriljek ýyllyk ýygnakda] raýat jemgyýetiniň we žurnalistleriň wekilleri, şol sanda Türkmenistandan gelen wekilleri bilen işleşmäge mümkinçiligiň bolmagyna garaşýaryn. Gynansak-da, Türkmenistan ençeme ýyl bäri bu ýygnagy boýkot edip, oňa gatnaşmazlygy saýlap gelýär. Emma Türkmenistanyň hökümeti öz bähbidine bir zady edip, ýagny olar ýygnaga gatnaşyp, ýurt baradaky aladalary diňläp bilerdiler”.

Birleşen Ştatlarynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ilçisi Daniel Baer.
Birleşen Ştatlarynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ilçisi Daniel Baer.

Amerikan resmisi aýratyn alada döredýän meseleler barada ýörite mehanizmiň hem bardygyny aýdyp, şeýle diýdi: “ÝHHG-niň düzüminde “Moskwa mehanizmi” diýlip atlandyrylýan ýörite proses bar. Oňa görä belli bir alada döredýän mesele dogrusynda has köp maglumatlary toplamak, faktlary yzarlamak prosesi başladylyp bilinýär. Türkmenistan babatynda “Moskwa mehanizmi” 2003-nji ýylda başladyldy. Onda şondan bir ýyl öň “häkimiýeti agdarmak synanyşygy” diýlip atlandyrylan wakalardan soň juda täsin tussag etmeler we sud işleri bolup geçipdi”.

Içgysgynç proses

Amerikan resmisi sözüni dowam etdirip: “Käwagtlar diňe birnäçe ýyl bäri däl, eýse onýyllyklar bäri dowam edýän meseleleri çözmek kyn bolýar. Hususan-da, bu meseleleriň saklanyp galyp, hakykaty gözleýän, maglumat ýygnamaga we olary özara paýlaşmaga synanyşýan adamlaryň öňe çykýandygyny görmek aňsat däl” diýdi.

“Biz [türkmen häkimiýetleri bilen] şol bir gepleşikleri gaýta-gaýta geçirenimizde, muny içgysgynç proses hökmünde kabul etmän, eýse muny çözülmedik meseleleriň dowam edýändigini görkezýän yşarat hökmünde we bulary gozgamagyň ähmiýetiniň has hem artýandygynyň alamaty hökmünde kabul etmelidiris. Emma biziň [ugrumyzy kesgitleýän] esaslarymyz bar. Olar biziň ählimize – Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Türkmenistana, aradaky beýleki döwletlere hem degişlidir. Biz bu borçlarymyzy gaýta-gaýta tekrarlap, şeýle-de bulary ugrumyzy kesgitleýän esasy ýolumyz hökmünde peýdalanarys” diýip, Birleşen Ştatlarynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky ilçisi Daniel Baer sözüni jemledi.

XS
SM
MD
LG