Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleri dartgynlylygyna saklanyp galýar. Owganystanyň wise-prezidenti General Dostum Farýab welaýatyna edýän saparynyň çäginde çykyş edip, “söweşijilere garşy göreşde owgan güýçleriniň ýeterliklidigini, ýerli ýaragly toparlary döretmäge zururlygyň ýokdygyny ” aýtdy.
Şeýle-de, ol “Talyban” söweşijilerini ylalaşyga çagyryp, eger olar söweşi bes etmese, onda “özüniň söweşijilere garşy galstuk bilen göreşjekdigini” belledi.
Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymmerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.