Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda hyjap temasy ýokary derejede gozgalýar


Hyjably gyrgyz zenanlary.
Hyjably gyrgyz zenanlary.

Premýer-ministr Temir Saryýewiň hyjap we beýleki musulman eginbaşlary barada eden çykyşy jemgyýetde uly jedelleşikleriň esasy temasyna öwrüldi.

Hökümet ýolbaşçysy geçen hepde eden çykyşlarynyň birinde, käbir raýatlaryň yslamyň arkasyna bukulyp, gyrgyz halkyna keseki däpleri, adatlary hem eginbaşlary kabul etdirjek bolýandygyny belledi. Premýer-ministr şeýle-de hyjap bilen perenjiniň gyrgyz halkynyň däpleri bilen baglanyşmaýandygyny aýdýar. Onuň yz ýanyndan dini jemgyýetdir guramalaryň ýolbaşçylary hem yzly-yzyna öz garaýyşlaryny bildirip çykyş etdiler.

Dini jemgyýetler, guramalar

Žogurku geňeşiniň halk wekili Tursunbaý Bakir ogly, "Dil murogu" atly merkeziň başlygy Özbek hajy Çotonow we "Akyl, es, ruh, yýman" atly jemgyýetçilik bileleşiginiň ýolbaşçysy Duýşon hajy Abdyldaýewa bilen bilelikde gurnan metbugat beýannamasynda hyjap bilen gyrgyz zenanlarynyň milli baş ýaglygynyň gaty köp umumy taraplarynyň bardygyny nygtapdyrlar. Şeýle-de olaryň aýan etmegine görä, demokratik bir ýurtda haýsam bolsa bir eginbaşyň gadagan edilmegi adam hukuklaryny bozmak hasaplanýar.

Gyrgyz premýer-ministri Temir Saryýew.
Gyrgyz premýer-ministri Temir Saryýew.

Halk wekili Tursunbaý Bakir ogly, premýer-ministr Temir Saryýewi döwleti ideologiýa syýasatyna goşmakda aýyplap şeýle diýdi: “Meniň pikrimçe, Temir Saryýew gadymy döwürde ýaşamagy dowam edýär. Ol Komsomolyň esasy baştutanlarynyň biridi. Şol döwürde erkek adamlar şorty, ýagny kelte balak geýýärdiler. Gyzlar bolsa ýalaňaç aýagy görnüp duran, döşi açyk eginbaş geýýärdiler. Deňeşdirip gören halatyňda, musulman eginbaşy bilen gyrgyz milli eginbaşynyň arasynda düýpli tapawudyň ýokdugyna göz ýetirýärsiň. Diňe olarda milli keşdelerdir nagyşlar ýok. Zenanlaryň diňe ýüzi bilen eli açyk galýar. Hökümet ýolbaşçysy hyjap bilen perenjini çalşan bolmaly. Çünki gyrgyz zenanlary hiç wagt ony geýmändir we olar hiç haçan ýüzüni ýapmandyr”.

“Dini radikallyk möwjeýär”

Hökümetiň birinji ýolbaşçysynyň din temasynda edýän çykyşynyň hemişe jedelleşilmegi indi kada öwrüliberdi.

Geçen hepdeleriň birinde premýer-ministr Temir Saryýew Içeri işler ministrliginiň işgärleri bilen bolan ýygnakdaky çykyşynda, ýurtda dini radikallygyň ýaýbaňlanýandygyny nygtap, raýatlara keseki adatlary we medeniýeti ündeýänleriň göze ilýändigini aýtdy. Şonda ol gyzgyz zenanlarynyň hiç wagt hyjap geýip, perenji atynmandygyny belledi: “Ýurtda dini radikallyk möwjeýär. Yslamyň arkasyna bukulyp, bize keseki adatlary we medeniýeti kabul etdirjek bolýarlar. Biziň halkymyzyň öz adatlary hem däpleri bar. Hyjap geýmek, perenji atynmak biziň adatymyz däl. Biz bu barada aç-açan çykyş etmeli. Biziň adatlarymyzy üýtgetmek isleýänlere garşy çäre görmeli”.

Sosial ulgamlar

Temir Saryýewiň çykyşy sosial ulgamlarda hem uly jedelleşik turuzdy. Sosial ulgamlardakylar bu babatda pikir taýdan birnäçe topara bölündiler. Olaryň bir bölegi premýer-ministriň pikrini goldasa, ýene bir bölegi garşy çykdylar.

Respublikanyň dini ýagdaýy we howpsuzlygy babatda 28-nji iýulda geçirilen iş ýygnagynda premýer-ministr Saryýew diňe adaty yslam kadalaryna eýerilmeli diýen çagyryş etdi.

“Dil murogu” merkeziniň başlygy Özbek hajy Çotonow bolsa öz beýannamasynda “jemgyýetde radikallyk möwjeýär” diýilmeli däldigini belläp, ýurtda gaýtam medreseleriň, metjitleriň we hyjap geýýän zenanlaryň köpelýändigine üns çekipdir: “Adamlar nähili geýnesi gelse, şeýle geýinýärler. Olar özüniň mertebesini ýa-da baýlygyny görkezmek üçin tapawutly geýinýärler. Olar gowy geýimli we şonuň üçinem jemgyýetde saýlanýarlar. Biziň gyzlarymyz yslam eginbaşyny geýenlerinde, ony gaty gelşikli edip geýýärler. Aslynda biz muňa buýsanyp bileris. Zenanlarymyzyň hyjabynyň hiç zada zyýan bermeýşi ýaly, ýurduň ykdysadyýetine-de ýaramaz täsir ýetirenok.

Goňşy ýurtlar

Gyrgyzystanda dini radikallyk howpunyň möwjeýändigi sebäpli adaty yslam kadalaryna eýerilmelidigi babatda prezident Almazbek Atambaýew hem owal birnäçe gezek çykyş edipdi. Howpsuzlyk geňeşiniň dini ýagdaý baradaky ýygnagynda çykyş eden Atambaýew eginbaşyň diniň hem imanyň görkezijisi bolup bilmejekdigini nygtady. Döwlet baştutany şeýle-de öz çykyşynda mekdeplerde musulman eginbaşyň däl, eýsem gyrgyz milli eginbaşynyň geýilmeginiň tarapdarydygyny belläp şeýle diýdi: “Halky yslamlaşdyrmagy möwjetmek - bu ýene bir gezek gyrgyzlaryň aňyny alyp, mankurt etmäge synanyşykdyr. Bu biziň milli özboluşlulygymyzy ýitirmegimiz üçin edilýändir. Eger gyrgyzlar yslamda radikallaşsa ýa-da keseki adatlary, dili we medeniýeti kabul etseler, onda biz öz aslymyzy, kökümizi hem halkymyzy ýitireris”.

Ýerli hünärmenler we ylaýta-da taryhçylar salgylanylan dürli çeşmeleriň Gyrgyzystanda goňşy Özbegistan bilen Täjigistandan tapawutlylykda gyzlaryň ýaglyk daňnandygyny, ýöne hyjap geýmändigini subut edýändigini nygtaýarlar.

Gyrgyzstanyň Arabaýew adyndaky döwlet uniwersitetiniň rektory Tolobek Abdrahmanowyň pikirine görä, musulman eginbaşyň ýörgünliligi wagty bilen geçer. Şonuň üçinem bu meseläni emeli ýagdaýda çişirmeli däl: “Hakykatdanam, gyzgyz gyzlary we aýallary hiç haçan hyjap geýmändirler. Gyrgyz halkynyň taryhyny bilýän alymlaryň nygtaýşy ýaly, eýranlylar we araplar öz eginbaşlaryny dünýägaraýyşlaryna, tebigat hem klimat aýratynlyklaryna görä saýlap alypdyrlar. Hyjap geýilmegi Gyrgyzystanda diňe täze moda diýip hasaplanýar. Hyjap geýýän ýaş zenanlar onuň dini manysy barada pikirem etjek bolup duranoklar. Şonuň üçinem bu meselä emaý bilen çemeleşmeli. Hyjap meselesini diýseň mylaýym düşündirmeli. Ana, şonda bu mesele gün tertibinden çykar gider. Bu meseläni çişirip ýörmeli däl. Wagty gelende bu moda ýatdan çykar gider”.

Gyrgyzystanyň musulmanlarynyň dini guramasynyň başlygy Maksatbek hajy Toktomuşow ahyrynda bu ugurda halka ýüzlenip çykyş edipdir. Dini azatlyga aýratyn üns çeken dini guramanyň başlygy halkyň dini gymmatlyklary bilen milli aýratynlyklarynyň goralmagynyň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de ol öz ýüzlenmesinde durnuklylygyň goralyp, döwletiň ösmegi üçin halky milli jebisligi hasam berkitmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG