Yragyň öňki prezidenti Saddam Hüseýniň döwründe dürli basyşlara sezewar bolan yrakly türkmenler, onuň häkimiýetden gyrakladylmagy bilen, ýurtda öz hak-hukuklaryny gazanmak ugrunda tagalla edýärler.
Mysal üçin, Yragyň demirgazygyndaky Kürt dolanşygynyň merkezi şäheri bolan Erbilde ýaşaýan türkmenleriň bir metjidinde ençeme ýyllardan soň türkmençe hutba okaldy.
Azatlyk radiosynyň “Dünýä türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany yrak türkmenleriniň öz hak-hukuklary ugrunda alyp barýan göreşlerine, olaryň gazanýan netijeleriniň ähimiýetine bagyşlandy.
Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.