Biz ol ýurdy gadymy türkmen dessanlaryndan bilýäris... Ol ýer, türkmenleriň dürli döwletler gurup dessan ýazan ýerlerinden biri... Ol ýer Yragyň Erbil şäheri. Emma Yrak türkmen frontunyň Erbil welaýaty boýunça başlygy Azat Kürekçiniň bellemegine görä, häzirki döwürde bolsa türkmenler ol ýurtda azlykda bolup, hiç kimden goldaw bolmansoň ýitip barýarlar.
Azatlyk radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan jenap Kürekçi bilen Yrakly türkmenleriň düýni, şu güni we gelejegi barada söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Azat Kürkçi, soňky wagtlarda Yrakdaky türkmenlere garşy edilýän hüjümleriň köpelmeginiň sebäbi näme?
Azat Kürekçi: Ýagdaýa dogry we doly düşünmeklik üçin taryhy bilmeklik zerurdyr. Bilinişi ýaly Yrak döwleti 1920-nji ýyllarda ýagny Osman imperiýasynyň çekilmeginden soňra döredildi. Iňlisleriň planyna görä sünni araplar häkimiýet başyna getirildi. Sebäbi olara görä şaýy araplar Eýrana baglydy.
Sünni araplaryň ýarysy bolsa iňlisleriň häkimiýetini kabul edýän araplardy. Kürtler hem iňlisleriň tarapdarydy. Yrakdaky türkmenler bolsa, asly bir bolany sebäpli Osman imperiýasynyň çekilmegini kabul etmändirler. Ynha, şeýle sebäpden Yrakdaky türkmenler şol wagtdan bäri munyň jerimesini çekip gelýärler.
Şalyk döwründe Yrakda araplara ýakyn bolan türkmen ýaşaýyş ýerlerini araplaşdyrdylar. Kürtlere ýakyn bolan ýerleri hem kürtleşdirdiler. Türkmenler baradaky bu maksatnama edil häzirem dowam edýändir. Yrakda türkmenler, araplar bilen kürtleriň arasyndaky sebitde galypdyrlar.
Häzir araplar we kürtler Yrakdaky türkmen ýaşaýyş ýerlerini öz sebitlerine goşmak isleýärler. Munyň üçinem Yrakda türkmenleri gaty güýçsiz ýagdaýa getiripdirler. Häzirki döwürde Yrakda iň güýçsiz topar türkmenlerdir. Şu wagt Yrakdaky türkmenleriň ilat sany hem araplardan we kürtlerden gaty az.
Yrakdaky türkmenleriň ykdysady ýagdaýlary hem gaty pes. Yragyň ykdysady mümkinçiliklerinden araplar we kürtler ýaly türkmenler peýdalanyp bilenoklar. Bar ykdysady kömekler araplar bilen kürtlere gidýär.
Azatlyk Radiosy: Azat Kürekçi, Yrakda türkmenleri araplaşdyrmaklyk we kürtleşdirmeklik syýasaty alynyp barylýar diýýärsiňiz? Bu pikiri öňe sürmegiňize nähili esaslar bar?
Azat Kürekçi: Bu Yragy alan iňlisleriň syýasaty bilen arabaglanşyklydy. Türkmenler iňlisleri Yrakda turuwbaşdan kabul etmändirler. Ynha şeýle sebäpdenem Yrakda türkmenlere garşy syýasat alynyp barylýar.
Azatlyk Radiosy: Yrak türkmenleriniň köpsanly jemgyýetçilik we syýasy guramadyr-toparlary bar. Ynha şolaryň birem siziň Erbil boýunça ýolbaşçylygyny alyp barýan guramaňyz bolan Yrak türkmen fronty. Yrak türkmenleriniň jemgyýetdir-guramalarynyň, türkmenleriň hak-hukuklary barasynda alyp barýan işlerinde şu wagda çenli ýeten sepgidine siz nähili baha berýärsiňiz?
Azat Kürekçi: Owalam belläp geçişim ýaly Yrakda türkmenler araplar bilen kürtleriň arasynda galan. Yrakda türkmenleriň ýaşaýan ýerleri daglyk sebitler däl. Yrakda türkmenler hiç wagt eline ýarag alyp göreşe çykmady. Yragyň taryhynda hem hiç haçan demokratik kadalar ýola goýulmady. Bu sebäpden Yrakda türkmenleriň bir syýasy guramasy döredilip bilinmedi we syýasy ugurda türkmenler iş alyp baryp bilmediler.
Yrakda türkmenler diňe medeni we jemgyýetçilik ugurlarda iş alyp bardylar. Meselem, jemgyýetçilik guramalary we olaryň alyp barýan çäreleri öňe saýlandy. Şeýle-de, Yrakda türkmenleriň edebiýaty üns çekdi. Ata-babalarymyzdan we ýaşulylarymyzdan galan bir nesihat bar.
Yrakda türkmenler öz ene dilini we milli däp-dessurlaryny ýitirmän halatynda aňsat-aňsat ýok bolmajakdygyna üns çekip gidipdirler. Yrakdaky türkmenler ynha şeýdip öz milli barlyklaryny goramaga çalyşýarlar. Şuny arkaýynlyk bilen aýtsa bolar, ýagny başdan geçiren we geçirýän kynçylyklaryna garamazdan, Yrakdaky türkmenler henizem öz milli aýratynlyklaryny gowy gorap saklaýandyr.
Azatlyk Radiosy: Azat Kürekçi, soňky wagtlarda halkara gatnaşyklarynda we jemgyýetçilik işlerde "Yrak türkmenleri" diýmegiň deregine köplenç "Yrak türkleri" diýilmäge başlandy. Siziň pikiriňize görä, "Yrak türkmenleri" diýmegiň deregine "Yrak türkleri" diýilmeginiň size bir peýdasy degdimi ýa bir peýdasy bolýarmy?
Azat Kürekçi: Meniň şahsy pikirime görä, bu atlaryň haýsyny ulansaňyzam tapawudy ýok. Sebäbi Yrak türkmenleriniň türkler bilen asly birdir. Yrak häkimiýetleri hemişe türkmenleriň Türkiýe bilen ýagny türkler bilen birleşmeginden gorkýardy. Netijede, Yrakdaky türkmenleriň milleti türkdür. Türkmen şol milleti emele getirýän halkyň adydyr.
Azatlyk Radiosy: Azat Kürekçi, eýsem, taryhy çeşmeler Yraga türkmenleriň Türkiýeden has gadymy döwürlerde ornaşandygyna üns çekmeýärmi?
Azat Kürekçi: Elbetde, taryha salgylanan mahalymyz türkmenleriň has gadymydygyna göz ýetirýäris. Türkiýäniň içinde hem türkmenler bar. Yrakdaky türkmenler sebitde Osman imperiýasyndan hem owal 1050-nji ýyldan 1534-nji ýyla çenli höküm sürüpdirler.
Yrak türkmenleriniň taryhdaky döwletlerine Günbatar Seljuklary, Atabegleri, Akgoýun we Garagoýunly hem Safawy döwletlerini mysal getirmek bolar. Bularyň hemmesi türkmen döwletleridi. Ana şol döwletlerden soňra Osman imperiýasy geldi. Yrakda taryhda Abbasylardan soň Osman imperiýasyna çenli türkmenleriň höküm süren döwri bardy.
Gynansagam, Yrakdaky türkmenlere şaýy we sünni mezhep aýraçylygynyň ýaramaz täsiri boldy. Osmanly imperiýasy şaýy mezhebinden bolan Yrak türkmenlerini sebitden Eýrana sürgün etdi we olaryň ýerine sünni kürtler ýerleşdi. Bu ýagdaý Yrak türkmenleriniň sebitdäki milli barlygyna, güýjüne we ilat sanyna oňaýsyz täsirini ýetirdi.
Azatlyk Radiosy: Azat Kürekçi, Yrakda türkmenleriň arasynda şaýy we sünni mezhep aýraçylygy we oňuşmazlygy barmy?
Azat Kürekçi: Dogrusyny aýtsak, Yrakda türkmenleriň arasynda mezhep tapawutlylygynyň täsiri bar. Ýöne mezhep tapawutlylygy türkmenlere o diýen täsir etmeýär. Biziň öz aramyzda sünni ýa-da şaýy türkmen diýen aýraçylyk, agzalalyk ýok. Ýone Yrakdaky türkmenleri mezhep sebäpli öz arasynda agzala etmek isleýänler bar.
Bu ýagdaýa hem Yrakda türkmenleri güýçsiz ýagdaýa getirmeklik syýasatynyň bir bölegi hökmünde baha berýärin. Yragyň merkezindäkiler hemişe şaýy bolanlaryň öňe saýlanmagyny isleýärler. Türkmenleri mezhep taýdan hem bölmek isleýärler. Bu ýagdaý Yrakdaky türkmenleriň bähbidine däl. Yrakda diňe Telaferde şaýy we sünni türkmenleriň öz arasynda dartgynlylyk boldy.
Azatlyk Radiosy: Telaferdäki sünni we şaýy türkmenleriň arasyndaky dartgynlylyk haçan ýüze çykdy we häzir nähili ýagdaýda?
Azat Kürekçi: Telaferdäki sünni we şaýy türkmenleriniň arasyndaky dartgynlylyk 2004-nji ýylda ýüze çykdy we oňuşyksyzlyk häzirem dowam edýär. Ýöne häzir owalky ýaly dartgynly ýagdaý ýok. Telaferde türkmen taraplar häzir köşeşdi.
Azatlyk Radiosy: Yragyň Telafer şäherindäki türkmenler özleriniň türkmendigini bilýärlermi?
Azat Kürekçi: Yrakdaky türkmenleriň ýagdaýy häzirki wagtda şundan ybarat. Yrakda türkmenleriň millilik taýdan iň güýçli ýeri Kerkuk şäheridir we oňa ýakyn türkmen ýaşaýyş ýerleridir. Kerkuga näçe uzak bolsa, ol ýerler türkmenlikden şonça üzňe bolýarlar. Meselem, Telaferdäki türkmenler Kerkukdan gaty uzakda ýaşaýandygy sebäpli türkmenlikden hem daşlaşypdyrlar we araplaşypdyrlar. Ýöne olaryň dilleri üýtgemändir.
Ýagny telaferli araplaşan türkmenler öz türkmençe dilinde gepleşýärler. Meselem, biziň Erbil şäherimizdäki ýagdaýa ser salsak. Käbir adamlar özüne "Men erbilli" diýýär. Olar özüne türkmen diýenoklar. Olar öz ene dilinde gepleşýärler, ýöne aslyny ýitiripdirler. Käbir türkmenler bar, ynha olar bolsa dilini we aslyny ýitiripdirler. Meselem.
Kerkukdan üç-dört ýüz kilometr uzakdaky Diýale sebitine gidip görseňiz, olaryň araplaşandygyny we öz ene dilinem ýitirendigini görersiňiz. Yrakda türkmenleriň millilik taýdan iň güýçli ýeri owalam nygtap geçişim ýaly Kerkuk we onuň daş-töweregi.
Mysal üçin, bäri tarapdan Altynköpri Kerkuga elli kilometr uzaklykda ýerleşýär. Beýleki tarapdan hem Duzhormaty Kerkuga ýüz kilometr uzaklykda. Ynha, şeýle ýerler Yrakda türkmenleriň henizem millilik taýdan has güýçli ýerleridir. Dogrusyny aýtsak, Yrakda Kerkukdan uzak bolan türkmenlikden hem uzak bolýar.
Azatlyk Radiosy: Azat Kürekçi, Yrakdaky türkmenlere kömek ýa goldaw berýän ýokmy?
Azat Kürekçi: Gynansagam, Yrakda türkmenler öz ykbalyna terk edildi diýse bolar. Sebitde rol oýnaýan dünýä güýçleri ýaly merkezi häkimiýet hem Yrakda türkmenleriň assimilýasiýa edilmegini isleýärler. Ýöne gynansagam, Yrakdaky türkmenlere bolmalysy ýaly kömek edýän ýa-da goldaw berýän ýok.
Goňşymyz we aslymyz bir bolan Türkiýe respublikasyndan Yrakdaky türkmenler garaşýan kömegini, goldawyny alyp bilmedi. Yrakdaky ýagdaý hakynda aç-açan gürlemeli bolsa, şuny aýdyp bilerin. Häzirki döwürde Eýran Yrakda gönümel we aç-açan şaýy araplaryň arkasynda durýar. Kürtleriň arkasynda bolsa günbatar ýurtlary bilen Ysraýyl durýar.
Sünni araplaryň arkasynda bolsa Saud Arabystany, Katar ýaly sünni arap ýurtlary durýar. Yrakdaky türkmenlere gezek gelende bolsa, türkmenleriň arkasynda durýan ýok. Türkiýäniň alyp barýan daşary syýasatynda elbetde özüçe hakly tarapy bar. Türkiýe, Yrakda araplar we kürtler bilen arasyny bozmajak bolup türkmenleriň tarapynda syýasat alyp barmaýar.
Türkiýe, Yrakda araplaryň we kürtleriň göwnüne degmejek bolýar. Netijede, Yrakdaky türkmenler goldawsyz galýar. Häzirki döwürde Yrakda arkasy goldawsyz halk diňe türkmenlerdir.