Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri 5-nji iýulda Wenada eden çykyşynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça geçirilýän gepleşiklerde hakyky manyda öňe gidişligiň bolandygyny aýdyp, emma “biz henizem bolmaly ýerimizde däl” we gepleşikler dürli ugra ugrugyp biler diýdi.
“Biziň ylalaşygy jemläp ýa-da jemläp bilmezligimizi görmegiň wagty geldi” diýip, Kerri Wenada Tähran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasynda dowam edýän gepleşikleriň dokuzynjy gününde belledi.
Kerri bu barada Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen geçiren gepleşiklerinden soň belläp geçdi.
Şeýle-de, Kerri gepleşikler doly barlyşyksyz bolsa, onda Birleşen Ştatlar gepleşiklerden çekilmäge taýýar diýdi.