Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW BMG-ni hukuk talabyna çagyrýar


HRW-yň logosy
HRW-yň logosy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa sapary BMG-niň bu sebitde adam hukuklarynyň aňrybaş derejedäki howsalaly ýagdaýyna alada bildirmegi we anyk ilerlemeler üçin basyş etmegi babatda uly mümkinçilik berýär diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 8-nji iýunda Nýu-Ýorkdan ýaýradan beýanatynda aýdýar.

HRW Banyň 9-njy iýunda başlanýan saparynyň öňünden gysgaça memorandum iberip, bu sebitiň ýurtlarynyň her biriniň hökümet resmileri bilen duşuşylanda alada bildirilmeli esasy meselelere ünsi çekýär. Hukuk we raýat aktiwistleriniň syýasy sebäpler esasynda yzarlanmagy, türmä basylmagy, hökümetden aýry guramalaryň we medianyň çäklendirilmegi, adam gynanlara çäre görülmezligi aladalar sanawynyň başynda durýar.

«Merkezi Aziýada hökümet repressiýasyndan şeýle kän ejir çekilensoň, adam hukuklary baş sekretaryň gozgamaly meseleleriniň arasynda esasy orun almaly» diýip, Hýuman Raýts Wotç guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça aklawçy direktory Weronika Sente Goldston aýtdy.

«Ban ýanamalary soňlamak üçin anyk ädimleriň ädilmegi, bikanun gözenegiň aňrysyna taşlanan adamlaryň boşadylmagy, adam hukuklaryny goraýjylaryň, žurnalistleriň öz işlerini etmegine ýol berilmegi, adam gynanlaryň jezasyz galmagynyň soňlanmagy üçin basyş etmeli» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Baş sekretaryň sapary Täjigistandan başlanýar, soň ol Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Türkmenistana barýar. Ol bu regiona ozal 2010-njy ýylda sapar edipdi. Ban Ki-mun öz saparynyň dowamynda Täjigistandaky, Gazagystandaky we Gyrgyzystandaky halkara könferensiýalara gatnaşmaly, her ýurduň hökümet ýolbaşçylary bilen duşuşmaly.

G.Annanyýazow we beýlekiler

Saparyň dowamynda Baş sekretaryň gazagystanly oppozisiýa lideri Wladimir Kozlowyň, gyrgyzystanly hukukçy aktiwist Azimjon Askarowyň, täjigistanly garaşsyz aklawçy Şuhrat Kudratowyň we oppozisiýa lideri Zaýd Saidowyň, türkmenistanly syýasy dissident Gulgeldi Annanyýazowyň, özbegistanly hukuk goraýjy Azam Farmanowyň şahsy işleri bilen hem gyzyklanmagyna garaşylýar.

Syýasy sebäpler esasynda türmä basmak hususan-da Özbegistanda we Türkmenistanda, bir topar adamyň esassyz aýyplamalar bilen türmede saklanýan ýurtlarynda aýratyn göze dürtülýär diýip, HRW-yň beýanatynda aýdylýar.

Syýasy sebäpler esasynda tussag edilenleriň arasynda 1999-njy ýyldan bäri özbek türmesinde oturan Muhammad Bekjanow hem bar, ol dünýäniň iň bir uzak saklanan žurnalist tussagy hasaplanýar.

Türkmenistanda bolsa, ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradow bilen bilelikde, tussag edilen we köplenç ýapyk sud edilen onlarça adam türmelerde ýitirim boldy diýip, HRW häkimiýetleriň bu adamlar barada on ýyldan gowrak wagt bäri hiç bir maglumat bermeýändigini ýatladýar.

Mundanam başga, Baş sekretar Merkezi Aziýanyň liderlerini, hususan-da türkmen we özbek ýolbaşçylaryny BMG-niň adam hukuklary guramalary bilen hyzmatdaşlyga çagyrmaly, olaryň bu ugurdaky borçnamalaryny ýatlatmaly diýip, adam hukuklaryny goraýan gurama ýazýar. Sebäbi bu ýurtlaryň ikisi hem uzak wagt bäri BMG-niň hukuk gözegçileriniň ýurda gelmegine rugsat bermeýär.

XS
SM
MD
LG