Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow howpsuzlyga seretdi


Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow "Akdepe" harby howa bazasynda
Türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow "Akdepe" harby howa bazasynda

Türkmenistan şenbe güni 2015-nji ýylyň dört aýynda ýurduň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň eden işleriniň netijelerine seretdi.

Türkmen telewideniýesi prezident G.Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň howpsuzlygyny we parahatçylygyny üpjün etmäge, hukuk goraýjy we harby edaralaryň maddy binýadyny has-da berkitmäge degişli meselelere seredilendigini habar berýär.

Mejlisde, adatda bolşy ýaly, ilki ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew harby özgertmeleriň «öňe ilerledilişi», «jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyny saklamak boýunça alnyp barylýan işler» barada hasabat beripdir. Emma bu "işleriň" detallary aýdylmaýar.

Serhet gullugy 'pugtalanýar'

Mälim bolşy ýaly, soňky aýlarda türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar barada howsalaly habarlar çykýar. Emma Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowyň hasabatynda bu habarlar bilen bagly anyk maglumatlar aýdylmady.

Muňa derek, onuň şu ýylyň dört aýynda "döwlet serhet gullugyny pugtalandyrmak we serhet goşunlarynda tertip-düzgüni güýçlendirmek boýunça edilen işler, döwrebap serhet galalarynyň gurluşygy barada" hasabat berendigi habar berilýär.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň harby-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, «ýokary hilli harby hünärmenleri» taýýarlamak babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, «Watan gerçegi» harby-türgenleşik okuwynyň üstünlikli geçirilendigini habar berdi.

Türkmen metbugaty «Kelete» okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen tälim okuwyna ýurduň Ýaragly güýçleriniň düzümlerinde «ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan» mergenleriň gatnaşandygyny habar berýär. Türkmen prezidenti bu hili türgenleşikleriň geljekde hem yzygiderli geçirilmelidigini aýdyp, oňa gatnaşan harbylaryň sylaglanmagy barada tabşyryk berdi.

Prezident «soňky ýyllarda iň döwrebap harby tehniklar bilen üpjün edilen milli goşunyň» maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde, «harby gullukçylaryň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga» üns bermegiň zerurdygyny hem nygtapdyr.

Içeri işlere 'gözegçilik' gerek

Mundan başga, döwlet baştutany ýurduň «içeri işler edaralarynyň alyp barýan işlerine hemişe gözegçilik etmegiň wajypdygyny» belläpdir.

Biraz yza çekilsek, prezident Berdimuhamedow 9-njy ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň baş prokurorynyň beren hasabatyny diňläp, korrupsiýa meselesinde «ýüz görmezden, adamyň haýsy wezipede işleýändigine garamazdan, geljekde hem berk göreş alnyp baryljagyny» belläpdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň sud-prokuratura edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem hasabaty diňlenipdir. Emma prezidentiň ýanwardaky «günäkär adamlaryň hiç biri temmisiz galaryn ýa-da jogapkärçilikden syparyn öýdüp pikir etmesin» diýen sözlerine garamazdan, 2015-nji ýylyň dört aýynda korrupsiýa, parahorlyk ýaly «ýaramaz ýagdaýlara» garşy görlen çäreler barada anyk bir zat aýdylmady.

Ýöne şol bir wagtda türkmen telewideniýesi prezidentiň kanunçylygyň berjaý edilişine gönüden-göni jogap berýän düzümlerde «kanuny ähli zatdan belentde tutmak ýörelgelerine ygrarly adamlar işlemeli» diýendigini habar berýär.

Ýükler 'ykjam' barlanmaly

Prezident ýurduň serhedinden geçýän ýükleri «örän ykjam barlamagy» üpjün etmek, ýurda getirilmesiz edilen önümleriň öňüne «ygtybarly böwet» goýmak barada hem degişli tabşyryklary beripdir.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurduň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işiniň dünýewi hukuk döwletiniň aýanlyk, mejlise we halka açyk hasabat bermek kadalaryna görä gurnalmaýandygyny, netijede ilatyň serhet ýakalarynda bolýar diýilýän zatlardan bihabar galýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG