“Freedom House” guramasy çäklendiriji täze kanunlar we žurnalistlere garşy ýowuzlyklar 2014-nji ýylyň dowamynda metbugat azatlygynyň halkara derejesinde pese gaçmagyna sebäp boldy diýdi. Munuň netijesinde bu görkezijiniň soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iň pes derejesine ýetendigi bellenilýär.
Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän synçy guramanyň 29-njy aprelde ýaýradan beýanatynda 2014-nji ýylyň dowamynda metbugat azatlygynyň 18 ýurtda we territoriýalarda ýiti derejede pese gaçandygy bellenilýär. Metbugat azatlygynyň iň ýiti derejede pese gaçan ýurtlarynyň arasynda Azerbaýjan, Serbiýa we Yrak ýaly ýurtlar bar.
Şeýle-de, gürrüňi gidýän guramanyň hasabatynda Belarusyň, Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymyň, Eýranyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň atlary metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz 10 ýurduň arasynda bellenilýär.
Hasabatda Azerbaýjanyň hökümeti korrupsiýa baradaky derňew raportlaryny we hökümete garşy garaýyşlary basyp ýatyrmak üçin tussag edilmeleri ulanmakda we metbugat edaralaryny ýapmakda tankyt edilýär.