“Türkmenistan özüniň Owganystan bilen serhedine jeňçilerden gaçyp gelen etniki owgan türkmenlerine pena bermelimi, öz gapylaryny açmalymy?” diýen sorag Azatlyk Radiosynyň okyjylarynyň arasynda dürli pikirleri, jedelleri döretdi.
Gürrüňi gidýän soraga jogaplar, esasan, “hawa” we “ýok” diýen manydaky iki sany garşylykly topara bölünse-de, okyjylaryň öz pikirlerini tassyklamak üçin getirýän delilleri biri-birinden düýpli tapawutlanýar.
Azatlyk Radiosynyň “Azathabar.com” saýtyna gelen teswirleriň birinde özüni Hekim aga diýip tanadan okyjylarymyzyň biri: “Owgan türkmenleri biziň doganlarymyzdyr, olary gujak açyp garşylamak gerek. Olar bize duşman däldirler” diýse, Feýsbuk sosial ulgamynda Abdul Mannan, Abdulbasit Baýramogly, Merýem Ýyldyz ýaly okyjylarymyz iki ýurduň araçäginde galan marçaklylaryň etniki türmenlerdigini, şol sebäpli Türkmenistanyň olara goldaw bermeldigini nygtaýarlar. Azatlygyň Begenç Bäşimow atly okyjysy hem öz gezeginde söweşijilerden gaçyp Türkmenistanyň serhet ýakasyna gelen owgan türkmenlerini “süýtdeş doganlarym” diýip atlandyryp, Aşgabadyň olary ýurda almalydygyny öňe sürýär.
Agzalýan dizkussiýa boýunça Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryna gelen teswirlerde “serhet ýakasyna gelen etniki türkmenleriň Türkmenistana asla salynmaly däldigini” ýaňzydýanlaryň hem köpdügini aýtmaly, şeýle pikirleriň hatda agdyklyk edýändigini görse bolýar.
“Gelmişekler”
Özüniň “politologdygyny” aýdýan Mähri Merw atly okyjymyz, gürrüňi gidýän ýagdaýlaryň gynandyryjydygyny, ýöne olaryň Türkmenistanyň çägine salynmagyna garşydygyny aýdyp, öz pikirini şeýle delillendiripdir: “Olar näçe etnik türkmen bolsalaram, olar bizden biraz üýtgeşik, Owganystanyň medeniýeti bilen ösen adamlar”. Mähri Merw özüniň başga bir teswirinde “Owgan türkmenleri biziň işimizi görer, esasan, din tarapyndan” diýip, öz howatyrlanmalarynyň sebäbini düşündiripdir.
Azatlyk Radiosynyň “Wkontakte” sosial ulgamyndaky forumynda Gurbaniýaz atly okyjy bolsa, olary “gelmişekler” diýip atlandyryp, owganystanly türkmenleriň arasynda “içalylaryň” bolmagynyň mümkinliginden aladalanýar.
Feýsbukda Esmanur Kartaliçe Aýdyn diýen okyjymyz “näçe az adam bolsa, şonça-da dem almak aňsat bolar” diýip, owganly türkmenleriň ýurda eltilmeli däldigini ýazypdyr.
Owgan türkmenleriniň Türkmenistana salynmaly däldigini aýdýanlara garşy çykanlar hem bar. Geldymyrat Habibulaýew “Şolaryň ýagdaýynda özüňizi goýup görseňiz, jogabyň özi gelerdi...” diýip, öz sözüni köpnokat bilen jemläpdir.
"Öwrenmeli"
Okyjylaryň käbirleri Aşgabadyň Türkmenistandan haraý isläp serhet ýakasyna gelen owganystanly türkmenlere pena berere “ýagdaýynyň” ýokdugyny nygtaýarlar.
Nadýa atly okyjy: “Türkmen halky aç, şol sebäpden hem hatda birnäçe ýüz kilometer aralykdaky özi ýaly türkmene hem gapysyny açasy gelmeýär”. Ol sözüni dowam etdirip: “Biziň halkymyz öwrenmeli, öwrenmeli, ilki bilen adam bolmagy öwrenmeli. Beýleki adamyň nämeleri başdan geçirýändigini duýmagy öwrenmeli” diýip, teswirini jemleýär.
Sözümizi jemläp aýtsak, agzalýan bu teswirleriň hiç biri gozgalýan mesele boýunça Azatlyk Radiosynyň öz resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.