Owganystanyň Badgys welaýatyna degişli Marçak etrabyna mundan alty gün ozal söweşijiler tarapyndan hüjüm edilipdir.
Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olar serhetdäki tokaýlyga gaçyp atypdyrlar. Hatda olardan bir böleginiň Murgap derýasynyň Türkmenistan tarapyna geçenleri hem bolupdyr.
Azatlyk Radiosynyň direktory Muhammad Tahir bu adamlaryň ýagdaýy we Türkmenistan bosgunlar baradaky halkara borçlary barada dam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktorynyň orunbasary Reýçel Denber bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Owganystanda, serhet ýakasyna gaçyp gelen onlarça adam Türkmenistandan kömek hantama bolýar. Olaryň Türkmenistandan başga gidere ýeri ýok, çünki beýleki ýerleriň hemmesi jeňçileriň elinde. Bize şol ýerdäki etniki türkmenlerden gowşan habarlara görä, olar ne yzlaryna gidip bilýär, ne-de Türkmenistan tarapyndan kabul edilýär. Bosgunlar boýunça Ženewa konwensiýasyna gol çeken ýurt hökmünde, Türkmenistanyň şu ýagdaýda şol adamlar babatdaky borçlary näme?
Reýçel Denber: Siziň aýdyşyňyz ýaly, Türkmenistan BMG-niň 1949-njy ýyldaky Bosgunlar konwensiýasyna gol çeken ýurt, onsoň bu Türkmenistanyň gorag-pena gözleýänleriň hemmesini goramaga borçlanýandygyny aňladýar. Häzirki pursatda asuda ilata degişli bolan bir topar adam çykgynsyz ýagdaýda we olar zorluk-sütemden gaçyp, gorag-pena berilmegine mätäç.
Bu hili ýagdaýda türkmen hökümetiniň borjy serhedi açyk saklamakdan we gorag-pena gözäp gelen adamlara zerur bolan goragyny almaga şert döretmekden ybarat. Sebäbi bu olar üçin ölüm ýa-da dirilik meselesi-de bolup biler.
Azatlyk Radiosy: Bu Ženewa konwensiýasynyň kanuny aspekti diýeliň, onuň ýene bir aspekti bolsa ynsanperwerçilik bolup durýar. Häzirki ýagdaýda şol adamlara kömek bermek boýunça Türkmenistan ynsanperwerçilik nukdaý nazaryndan nähili gowy işler edip biler?
Reýçel Denber: Türkmen hökümeti, ozalam aýdyşym ýaly, serhedi açyk saklamaly, gaçyp gelen adamlary olara zerur bolan gorag-pena bilen üpjün etmeli, bu onuň kanuny borjy, şeýle-de onuň mätäç adamlara ynsanperwerçilik kömegini bermek hem borjy bolup durýar.
Men Türkmenistan ol adadaky adamlara uly kömek edip biler diýip pikir edýärin, bu onuň borjy bolup durýar. Mundanam başga, ölüm howpundan gaçyp gelen çykalgasyz adamlara ýardam etmek ullakan ynsanperwerçilik hereketi bolup durýar we Türkmenistan bu meselede, ýagny owgan obasyndan gaçyp, öz serhedine gelen adamlara ýardam bermekde halkara kömegini hem alyp biler.
Ýa-da bolmasa, Türkmenistan şol adadaky adamlara ynsanperwerçilik kömegini ýetirmek üçinem, ahyr netijede Türkmenistanyň öz içinde pena almaga rugsat berlen adamlara ýardam etmek üçinem halkara kömegini sorap we alyp biler.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.