TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty “Magtymguly ensiklopediýasyny” we Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügini çapa taýýarlaýar diýip, “Türkmenpotal” “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berdi.
Bu institutyň alymlary öň, habarly edebiýatçylaryň aýtmaklaryna görä, Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini hem çapa taýýarlapdylar, ýöne bu iş çap edilmedi.
Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri garaşsyzlyk ýyllarynda tanymal edebiýatçy alym Aşyrpur Meredowyň (Nurmuhammet Aşyrpur) taýýarlan sözlüginiň (Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi) çap edilmeginiň öňüni aldylar.
Bu sözlükde Magtymgulynyň goşgularynda duşýan gelýän arap, pars sözleriniň manysy düşündirilýärdi. Bu sözlük 1997-nji ýylda, eýranly türkmenleriň tagallalary bilen, Eýranda çap edildi. Ýöne başda rugsat berlen hem bolsa, soň bu kitabyň hem Türkmenistana getirilmegi kynlaşdyrypdy.
Şu ýyl Aşgabatda şahyryň adyna berilýän goşgularyň 271 sanysyny özünde jemleýän “Saýlanan eserleri” üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edildi.