Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Ýok' diýen zat ýok, göwün islese, her iş bolar


Maýyplar tans edýär. Karlowy Wary, 49-njy halkara kinofestiwal. 9-njy iýul, 2014.
Maýyplar tans edýär. Karlowy Wary, 49-njy halkara kinofestiwal. 9-njy iýul, 2014.

Azatlyk radiosynyň sosial ulgamlarda “Türkmenistanda maýyplara ýeterlik şertler döredilýärmi?” diýen at bilen açan forumyna gysga wagtda onlarça okyjymyz seslendi we esasan “ýok” diýip jogap berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Maýyplaryň hukuklary baradaky konwensiýa gol çeken ýurtlaryň hatarynda bolup, ýurtda fiziki ýa ruhy taýdan kynçylyk çekýän raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş şertleri babatda öz üstüne bir topar borçnama aldy.

Emma feýsbukda Azatlyk radiosynyň soragyna jogap beren Gülnaz Allanazarowa, Jana Nurlyýewe, Söhbet Nepesow, Azat Rahmanow, Maral we Sabina Şaýmerdanowalar ýaly okyjylarymyz, öz ynançlaryna görä, Türkmenistanda döwlet, jemgyýetçilik tarapyndan kömege mätäç adamlara ýeterlik şert döredilmeýändigini aýdýarlar.

Okyjylarymyzyň käbiri maýyplara döredilýän şertler baradaky soraga gysgaça “ýok”, “ýok-laý” diýip jogap berse, käbiri bu şertleriň döredilmezligini “ýokardakylar”, ýagny jogapkärli wezipelerde işleýän hökümet adamlary bilen hem baglanyşdyrýar. Mysal üçin, Farruh Behruz, Şöhrat Erjanow ýaly okyjylarymyz bu meselede göni hökümet ýolbaşçylaryny günäkärleýär.

"Berýän soragyňyz nähili?"

Saadet Korkmaz atly okyjymyz bolsa, berlen soraga gatyrganmak bilen, Türkmenistanda her bir adamyň diňe özüni bilýändigini, bu ýerde, ýagny sosial ulgamlarda bir zatlar diýse-de, hiç kim batyrlyk görkezip, orta çykmaz diýen pikiri öňe sürýär.

Hudaýýar Begliýew bolsa şeýle sözleri ýazypdyr: “Ýokardakylar maýyplary pikirlenseler, jübisi galýa, öküzler milleti düşünenoklar, gül ýaly Türkmenistany nirä alyp barýarlar? Watany söýdürmegiň ýerine watandan sowadýarlar. Häzir hemme kişi şolaryň derdinden daşary döwletlerde okap, işläp ýör.” Bu Hudaýýar Begliýewiň pikiri, elbetde.

Kamila atly okyjymyz “maýyplara destek, ýagny goldaw ýok, ýaşululara ýok, gençlere, ýagny ýaşlara ýok” diýmek bilen, bizde baýlaryň çagalarynda durmuş bar, galanlary “bom-boş” diýip ýazýar. Şeýle-de ol “biz türkmenler ýaşap ýören ölüler” diýip, alladan bu zatlaryň soňunyň eýgilik bilen gutarmagyny dileýär.

Ýazjuma Rahmanow Azatlyk radiosynyň feýsbukda “Türkmenistanda maýyplar üçin ýeterlik şertler döredilýärmi?” diýip beren soragyna galdyran teswirinde “maýyplara hossarlary bir şert döredip bilerler, şol hossarlaryna maýyp galmazlygy üçin şert döretselerdi” diýipdir.

Nigara Jumanazarowa atly okyjymyz bolsa, “bu kelle bilen giderse, bir ýere barmaz, bizi sagyp, sogana öwürdiler” diýip, hemme zady eşidýändiklerini, bilýändiklerini aýdýar we mundan soň “dymmazlygy” öňe sürýär. Käbirleri birnäçe jaý alyp, ajaýyp bir durmuşda ýaşaýar, “biz bolsa, hiç kimiň halamaýan işlerinde “gul, gul, gul” diýip, Nigara sözüniň üstüni ýetirýär. “Eýsem biz ol ýurtda dünýä inenimiz üçin günäkärmi?” diýip, ol sorag hem berýär.

Emma Rustam Türkmen bu pikirlere garşy çykýar, ol: “Men bu ýerde Türkmenistan barada köp küti [ýaramaz] zatlar eşidýän, senler biziň döwlete kömek ýoluny tapyň" diýip ýazypdyr. Emma Kamila atly okyjymyz ony “iki ýüzli” bolmakda aýyplapdyr.

Maks Muradogly atly okyjymyz “burdan öýle olmaz diýip oturmak bilen bolanok o zatlar, adam okuwa girjek bolsa, 50 müň dollar para bermeli” diýip ýazsa, Merdan Merdan atly okyjymyz “ýaz, ýaz, ýene-de ýaz, emma ýazmazdan öň pikir et, ýokardaky Nigaranyň hatlaryny okadym, häzirden geçmiş olsun diýesim gelýär” diýip, sosial ulgamlarada pikirini ýazýanlara repressiýa howpuny duýdurýar.

Emma Maýa Ýaňybaýewa “hemmämiz-de türkmen, gelejek siziň eliňizde, ýaşlar, hemmämiz bir bolup, ýardam etsek, bizem ynsan ýerinde durup bileris, ýok diýen zat ýok, göwün islese, her iş bolar meniňçe” diýip, Türkmenistandaky şertler meselesinde ýaşlaryň eýeleýän pikir-pozisiýasynyň möhümligine ünsi çekipdir.

XS
SM
MD
LG