Birleşen Ştatlaryň «SpaceX» kompaniýasy Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasyny uçurmagy soňa goýdy.
TASS-yň 27-nji martda Nýu-Ýorkdan habar bermegine görä, hususy amerikan kompaniýasy «SpaceX» Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasyny uçurmagy soňa goýdy. Bu barada ýerli metbugatda habar berlipdir.
Ilkinji türkmen hemrasyny kosmos giňişligine goýbermek 30-njy marta planlaşdyrylypdy we ol Florida ştatyndaky Kanaweral kosmodromundan uçurylmalydy.
Türkmen hemrasyny kosmosa uçurmagyň indiki synanyşygy 24-nji aprelde ediler. «SpaceX» türkmen hemrasynyň uçurylmagynyň soňa goýulmagynyň sebäbini düşündirmedi.
Özem bu türkmen hemrasynyň işe girizilmeginiň ilkinji gezek yza tesdirilişi däl. Başda ol 21-nji marta planlaşdyrylypdy. Emma tehniki sebäpler esasynda, ýagny raketa göterijiniň motorynyň statistiki synaglaryň geçirilmegine ýol bermänligi üçin goýbolsun edildi.
Bu aparat Türkmenistanyň özüniň ilkinji hemra aragatnaşygy bolmaly. Häzir Türkmenistan Orsýetiň «Gazprom kosmiki sistemasyna» degişli “Ýamal” hemrasyndan peýdalanýar.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow milli aragatnaşyk hemrasyny kosmosa uçurmak baradaky kararyny 2009-njy ýylda yglan etdi. Döwlet baştutanynyň ynanjyna görä, bu hemranyň bolmagy ýurtda aragatnaşyk sistemasynyň çalt depginde ösmegine ägirt uly itergi berer, şeýle-de bir topar umumy milli programmalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň kosmosdaky aragatnaşyk hemrasynyň proýekt, gurluşyk we komosa goýberilmek işleri 2011-nji ýylda, Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasy tarapyndan başlanyldy. Ol Fransiýanyň ýokary takyklykdaky telesignallary we multimedia akymlaryny alyp görkezmäge niýetlenen «Spacebus 4000» aparatynyň bazasynda döredildi.
«Thales so SpaceX» bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, türkmen hemrasy «Falcon 9» raketa göterijisiniň kömegi bilen hemişelik geostasionar orbita çykarylar.
“TürkmenÄlem” aragatnaşyk hemrasynyň gündogar uzaklykdaky 52-nji pozisiýada, Ýerden 35 müň 786 km ýokarda ýerleşdirilmegi planlaşdyrylýar. Onuň çak edilýän iş möhleti 15 ýyl töweregi.
Türkmenistan bu hemrany işletmek we oňa esewan etmek taýýarlygynyň çäginde iki sany dolandyryş merkezini gurdy, olaryň hünärmenlerine proekte gatnaşyjy kompaniýalar tarapyndan tälim berildi.