Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan inçekesel 'lideri' boldy


Türkmenistan, saglyk edarasynyň resmi görkezilişi.
Türkmenistan, saglyk edarasynyň resmi görkezilişi.

"EurasiaNet" neşiri, Bütindünýä Saglyk guramasyna salgylanyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada inçekeselden ölýänleriň sany boýunça birinji orunda durýandygyny ýazýar.

Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçirilen barlaglar Merkezi Aziýa respublikalarynyň ilatynyň arasynda inçekesel bilen kesellän adamlaryň sanynyň iň ýokary bolup durýandygyny görkezdi.

Şol sanda bu ýurtlaryň inçekeseliň iň howply täze görnüşleri babatdaky hadysalar boýunça-da dünýäde öňdeligi eýeleýändigi aýdylýar.

Profilaktika we keselçilige gözegçilik boýunça Ýewropa merkeziniň we Bütindünýä Saglyk guramasynyň «2015-nji ýylda Inçekesel gözegçiligi» diýen at bilen taýýarlan hasabatynda aýdylmagyna görä, Merkezi Aziýa döwletleri ilatyň jan başyna düşýän inçekeselli näsaglaryň sany boýunça Ýewropa we Merkezi Aziýa (ÝMA) regionynda «öňdebaryjylaryň» bäşligine girýär.

Eger anyk aýdylmaly bolsa, Gyrgyzystan sanawda ikinji ýerde dur, ýagny bu ýurtda her 100 müň adama 141 inçekeselli düşýär. Gazagystan sanawda üçünji orunda getirilýär, ýagny her ýüz müň adama 139 inçekeselli düşýär.

Täjigistanda her 100 müň adama 100 inçekeselliniň düşýändigi, umuman alnanda bolsa, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ortaça her 100 müň adama 39 inçekeselliniň düşýändigi aýdylýar.

Inçekeselden ölýän adamlaryň sany boýunça Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji orunda Türkmenistan dur, ýagny bu ýurtda her 100 müň adama 25 ölümiň düşýändigi aýdylýar.

Bu görkeziji boýunça iň ýaramaz bäşlige Gyrgyzystan hem girýär, bu ýurtda her 100 müň adama 11 ölümiň düşýändigi aýdylýar.

Merkezi Aziýa ýurtlary inçekeseliň ähli görnüşleri boýunça kesellän adamlaryň absolýut sany boýunça hem «antibäşlige» girýär. Gazagystan we Özbegistan bu sanawda üçünji orny bölüşýär.

Bu iki respublikanyň her birinde şeýle dertden ejir çekýän 23 müň adam ýaşaýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda inçekeseliň her taraply garşylyk görkezýän erjel görnüşi babatdaky ýagdaýyň hasam agyrdygy aýdylýar. Inçekeseliň bu görnüşi dermanlara aňsat ýan bermeýär we beýle näsaglar juda kynlyk bilen bejerilýär.

Bu görkeziji boýunça iň kän ejir çekýän döwletler diňe Merkezi Aziýa ýurtlary diýen ýaly bolup çykypdyr.

Birinji orunda Özbegistan dur, ýagny bu ýurtda inçekeseliň erjel görnüşi bilen kesellänler 36,3 prosent, (her 1000 keselliniň 363-si keseliň bejermesi kyn görnüşinden ejir çekýär). Täjigistan bu meselede üçünji orunda (34,5%), onuň yzyndan Gyrgyzystan (28,4%), soň Gazagystan (26,3%) gelýär.

«Inçekeseliň bejermesi kyn, erjel garşylyk görkezýän görnüşi regionda [ÝMA] möwç urýar we ol sebiti keseliň iň ýaýran ýerine öwürýär» diýip, Bütindünýä Saglyk guramasynyň Ýewropa boýunça regional direktory Žužanna Ýakab (Zsuzsanna Jakab) hasabatyň sözbaşysynda aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG