21-nji fewral Bütindünýä ene dili güni hökmünde bellenildi, bu gün UNESCO tarapyndan 1999-njy ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Ene dili gorap saklamak beýleki ýurtlarda azlyk bolup ýaşaýan ilat üçin esasy mesele bolup durýar. Eýran, Owganystan we Pakistan ýaly ýurtlarda ýaşan etniki türkmenler hem edil şeýle toparlardan biri.
Eýsem, olaryň häzirki döwürde ene dili barasynda nähili problemalary bar? Bu problemalaryň hütdesinden gelmek üçin nähili işler alnyp barylýar?
Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky tapgyryny şu tema bagyşlamakçy. Sizi hem gepleşigimize gatnaşmaga çagyrýarys. Öz pikiriňizi aýtmak üçin aşakdaky forumdan we gepleşigimize gatnaşmak isleseňiz, şu salgymyzdan peýdalanyp bilersiňiz: hat@azatradio.org.