Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri, belarus paýtagty Minskde 18 sagatlap geçirilen gepleşiklerden soň, Ukraina üçin parahatçylyk gollanmasyna gol çekdiler.
Ukrain prezidenti Petro Poroşenko we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu şertnamanyň 15-nji fewraldan atyşygyň bes edilip başlanmagyna, agyr ýaraglaryň yza çekilmegine we howpsuzlyk zolagynyň döredilmegine çagyrýandygyny aýtdylar.
Aýdylmagyna görä, bu ylalaşyga Ukrainanyň Luhansk we Donetsk regionlarynyň orsýetçi separatistleriniň öz-özlerini jar eden liderleri hem gol çekipdir.
Poroşenko bu dokument separatistler tarapyndan elde saklanýan regionlara hiç hili awtonomiýa bermeýär we 2015-nji ýylyň aýagyna çenli Ukrainanyň öz serhetlerine kontrollugyny dikeltmegini nazarda tutýar diýdi.
Şeýle-de bu şertnamada ukrain territoriýasyndaky daşary ýurt güýçleriniň çykarylmagyna çagyrylýar.
Poroşenko bu ylalaşygyň üç hepde içinde ýesir alnan adamlaryň iki tarapdan hem boşadylmagyna çagyrýandygyny, Ukrainanyň Howa güýçleriniň piloty, alty aýdan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýan Nadio Sawçenkoynyň boşadylmagy barada hem ylalaşyga gelnendigini aýtdy.
Fransuz prezidenti Fransua Olland, german kansleri Angela Merkel dagy hem Poroşenko we Putin bilen gepleşiklere gatnaşyp, rus liderine pitneçileriň ýolbaşçylaryna «basyş görkezendigi» üçin sagbol aýtdylar.
Gündogar Ukrainadaky söweşler netijesinde aprelden bäri 5350-den gowrak adam öldürildi we ýüzlerçe müň adam öz öýlerinden gaçmaly boldy.
Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.