Kremliň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy, eger Birleşen Ştatlar Ukrainany ýarag bilen üpjün etmek barada karara gelse, onda Russiýa bu ýagdaýa harby hereket bilen däl-de, “diplomatiki” ýollar bilen gaýtawul berer diýdi.
10-njy fewralda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “TASS” habar gullugynyň Nikolaý Patruşewe salgylanyp berýän maglumatynda Birleşen Ştatlaryň Ukrain hökümet güýçlerine ýaraglary ugratmagy, gündogar Ukrainadaky “konfliktiň has hem güýjemegine” sebäp bolar diýilýär.
Şol bir wagtyň özünde maglumatda “Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň ýarag bilen üpjün etmegine Russiýanyň harby hereketler bilen gaýtawul bermegi mümkinmi?” diýlen soraga Patruşew: “Ýok, meniň pikirimçe biz diplomatik ýollar bilen hereket ederis” diýip jogap berýär.
Birleşen Ştatlar, NATO, Ýewropa Bileleşigi we Kiýew Russiýany orsparaz separatistleri goldamak üçin gündogar Ukrainada goşun we agyr ýaraglary ýerleşdirmekde aýyplapdylar.