Türkmenistanyň paýtagtynda, ýerli çeşmeleriň maglumatyna görä, Täze ýyl gijesi seýilgähleriň çyralary öçürildi.
Adat bolşy ýaly, Türkmenistanyň prezidenti 2014-nji ýylyň aýagynda Täze - 2015-nji ýlyň gelmegi mynasybetli ýurduň ilatyna gutlag bilen ýüzlendi.
Prezident G.Berdimuhamedowyň gutlagynda goýun ýylynyň ýurt raýatlarynyň her biri üçin asudalyk, abadançylyk getirmegi arzuw edilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurt baştutany geçen ýylyň aýagynda geçiren soňky hökümet maslahatynda ilatyň Täze ýyly gowy garşylamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi barada tabşyryk beripdi.
Şol bir wagtda, prezident Berdimuhamedowyň ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini pese gaçyrman saklamak barada edilýän tagallalary nygtamagyna garamazdan, Türkmenistanda ýyl başyndan benziniň, dollaryň gymmatlandygy baradaky habarlar ýaýrady.
Eýsem bu Täze ýyly ýurduň paýtagtynyň ilaty, aşgabatlylar nähili garşy aldy.
Azatlyk radiosy bu soragy aşgabatly şahyr, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.