Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyýazow: Egsilen hakyda


Ozalky prezident S.Nyýazow
Ozalky prezident S.Nyýazow

Ýekşenbe güni, 21-nji dekabrda, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýatlama güni bellenildi. Düýn ir bilen Aşgabatdaky Garaşsyzlygyň 10 ýyllygyna döredilen seýilgähdäki S.Nyýazowyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. Resmi metbugatda bu çärä ýurduň prezidenti, döwlet ýolbaşçylary we beýleki resmi adamlar bilen birlikde ýönekeý raýatlaryň hem gatnaşandygy habar berildi.

Bu seýilgähde bu çäre ilkinji gezek geçirildi. Il içinde “Kyrkaýak” adyny alan bu seýilgähde ozal goşlanan 10 sany bedewiň heýkeli hem bardy. Emma geçen ýyl bu ýerde rekonstruksiýa işleri geçirilip, bedewler heýkeli täze gurlan Hökümet binasynyň golaýyna göçürildi. Häzir Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy säýilgähinde diňe S.Nyýazowyň ýadygärligi galdyryldy.

Geçen ýylkylara garanyňda...

Mundan ozal S.Nyýazowyň ölen güni onuň dogduk obasy Gypjakda geçirilýärdi. Şol obada bu sene bilen bagly haýsy-da bolsa bir çäräniň geçirilendigi barada resmi maglumatlar ýok.

Resmi metbugatda S.Nyýazowyň hatyrasyna paýtagtdaky agzalan seýilgähdäki geçirilen ýeke-täk resmi çäreden başga nähilidir başga bir çäräniň geçirilendigi barada habar berilmedi.

S.Nyýazowyň ölen gününi ýatladýan başga alamatlar hem ýok. Habar serişdelerinde ýokarda agzalan çäre barada türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynda 5 minutlyk gysgaça wideoreportaž görkezildi. Başga hiç hili maglumat berilmedi. Gazet-žurnallarda Nyýazowyň ömür ýoly barada ýa-da oňa degişli başga bir maglumat hem çap edilmedi.

Hatda onuň ady hem tutulmady. “Watan” programmasynda berlen habarda hem S.Nyýazowa onuň Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan öz wagtynda ýörite karar bilen berlen “Beýik Türkmenbaşy” ady hem tutulmady. Şol habarda öň “Beýik” diýlip atlandyrylýan adam S.Nyýazow diýlip atlandyryldy.

Türkmen mediasynda şol gün ýatlama gününi ýatladýan diňe bir alamat bardy. “Türkmen owazy” telekanalynda bütin günüň dowamynda gam-gussaly halk we klassyky aýdym-sazlar goýberildi. Munuň hem sebäbini düşündirýän hiç hili alamat goýulmady. Beýleki telewizion kanallardan bolsa adaty gepleşikler goýberildi.

Umuman, türkmen resmi mediasynyň habaryndan çen tutsaň, ýurtda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň ýatlama gününiň, göräýmäge, ýurt derejesinde bellenilmelidigine garamazdan, bu sene diňe paýtagtda bellenilipdir.

Ýogsa, geçen ýyl hem ýurduň metjitlerinde sadakalaryň berlendigi, Gypjakda onuň aramgähine gül goýlup, zyýarat edilendigi barada habar berlipdi. Onuň çagalyk ýyllaryny görkezýän kinofilm hem görkezilipdi. Emma, muňa garamazdan, bu senäniň ýyl-ýyldan ähmiýeti gaçýar.

Egsilýän hakyda

Ýurduň pul banknotlaryndan, mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň okuw kitaplaryndan onuň portretleriniň aýrylmagyny muňa mysal edip getirse boljak. Ýurduň ordenlerinden hem onuň suraty aýryldy. Mundan başga-da S.Nyýazowyň ady dakylan käbir edaradyr kärhanalardan hem onuň ady aýryldy.

Mysal üçin, Beýik S.Türkmenbaşy adyny göteren paýtagtdaky medeni merkeziň ady ütgedildi. Aşgabadyň onuň adyny göteren etrabynyň ady bolsa Bagtyýarlyk ady bilen çalşyldy.

S.Nyýazowyň ýatlama güni 2007-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Bu sene şu ýyl sekizinji gezek bellnilýär. S.Nyýazowyň ýatlama güni kalendar boýunça ýurtda dynç alynmazdan bellenilýän ýarym resmi seneleriň biri.

XS
SM
MD
LG