Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk metbugat-konferensiýasyny geçirdi


Putin Ukrainadaky krizisde Kiýewi aýyplady
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:16 0:00

Putin Ukrainadaky krizisde Kiýewi aýyplady

Prezident Wladimir Putin Günbatary täze “wirtual” Berlin diwaryny döretmekde aýyplady we Orsýetiň ykdysadyýetiniň dikeljegini aýdyp, rublyň hümmetiniň pese gaçmagyna bildirilýän aladalanmalary köşeşdirmäge çalyşdy.

Rublyň pese gaçmagynyň, ykdysady çökgünliligiň we Günbatar bilen dartgynlylygyň güýçlenýän wagtynda Täze ýyl baýramçylyk möwsüminiň öňüsyrasynda geçirilen ýyllyk metbugat konferensiýasynda Putin Orsýetiň ykdysadyýetiniň hökman dikeljekdigini tekrarlady we munuň iki ýylyň dowamynda boljakdygyny aýtdy.

“Merkezi Bank we hökümet häzirki ýagdaýda talabalaýyk çäre görýärler diýip hasap edýärin” diýip, Putin Orsýetde dörän häzirki ýagdaý bilen bagly öz pikirini beýan etdi.

“Öjükdiriji” faktorlar

Putin Kremlde ýüzlerçe žurnalistiň öňünde eden çykyşynda Orsýetiň maliýe kynçylyklarynyň, esasan daşarky faktorlar sebäpli, şol sanda dünýäde nebitiň bahasynyň peselmegi zerarly “öjükdirilendigini” öňe sürüp, ýurduň energiýa daýanýan ykdysadyýetiniň ugruny üýtgetmegi wada berdi.

Putin “Elbetde, bu günki ýagdaý ilkinji nobatda daşarky faktorlar zerarly öjükdirildi, emma mundan ozalky 20 ýyla golaý wagtyň dowamynda ykdysadyýetimiziň ugruny üýtgetmek boýunça planlaşdyran we etmeli diýlen zatlardan köpüsiniň edilmändiginden hem ugur alýarys” diýdi.

Putin göni efirde eden çykyşynda hüjüm ediji äheňde gepläp, Kiýewi Ukrainadaky konfliktde günäledi hem Moskwanyň Günbatar bilen arasyndaky gapma-garşylykda ABŞ-ny we Ýewropa Bileleşigini aýyplady: “Biz hiç kime hüjüm etmeýäris, syýasy taýdan ... biz öz bähbitlerimizi goraýarys” diýip, Putin tekrarlady.

Putin Kiýewiň gündogar Ukrainada “jezalandyryjy operasiýany” geçirýändigini aýtdy. Bu regionda Ukrainanyň hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşler zerarly aprel aýyndan bäri 4 700 adam wepat boldy. NATO Orsýetiň separatistlere harby ýardam berýändigini aýdýar.

Putin Ukrainanyň syýasy bütewüliginiň saklanmagyny isleýändigini aýtdy. Emma ýurtdaky konfliktiň soňuna çykmak meselesiniň başgalara baglydygyny belläp, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko parahatçylygy islese-de, başgalaryň “ýeňşe çenli söweşi” isleýändigini we munuň parahatçylyk ugrundaky tagallalara zeper ýetirýändigini öňe sürdi.

Günbatary ýazgardy

Putin NATO-nyň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzysüre gündogara tarap ýaýbaňlanmagynyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky raketalardan goranyş sistemasynyň döredilmeginiň Ýewropada täze böwetleri döretmek boýunça tagalla bolandygyny aýdyp, Orsýetiň Ukraina meselesindäki pozisiýasynyň bu hereketiň bes edilmegine signaldygyny belledi.

Şeýle-de Putin Günbatary geçmişde Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda “terrorçylara gös-göni we doly goldaw” bermekde aýyplady hem-de ABŞ-nyň we ÝB-niň Orsýeti ösüşde yza tesdirmek synanyşygyndan hiç wagtda el çekmejegini çak etdi.

Ýyllyk metbugat konferensiýalar 1999-njy ýylda Orsýetiň hökümet we döwlet başyna geçen Putiniň ýurduň içinde öz abraýyny galdyrmak we Günbatara duýduryş bermek üçin ulanýan gurallarynyň biri bolup galýar.

Putiniň metbugat konferensiýasy bu ýyl ors rublynyň hümmetiniň pese gaçmagy we Orsýetiň Ukrainadaky konfliktde oýnaýan roly bilen baglylykda onuň bütin dünýäniň üns merkezine öwrülen wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG