Türkmenistan Owganystanda kadaly durmuşyň ornaşmagy ugrunda, degişli Owgan toparlarynyň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi üçin, öz territoriýasynda mümkinçilik döretmäge taýýardygy baradaky teklibini ýene bir gezek gaýtalady.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow bu teklibi şu ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Hytaýyň paýtagty Pekinde Owganystan boýunça geçirilen ýygnakda eden çykyşynda öňe sürdi.
Meredowyň aýtmagyna görä, “Aşgabat Owganystanda hereket edýän ähli konstruktiw we jogapkärçilikli güýçleriň gatnaşmagynda parahatçylyk boýunça gepleşikleriň geçirilmegini guramalaşdyrmaga taýyn”.
Beýleki teklipler
Owganystanda durnuklylygyň ornaşmagy üçin bu ýurtda hereket edýän toparlaryň gatnaşmagynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň geçirilmegi baradaky şeýle teklipler mundan ozal Germaniýa, Türkiýe, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Pakistan ýaly ençeme ýurtlar tarapyndan hem edilipdi.
Katar bu ugurda beýlekilerden bir ädim öňe geçip, parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň esasy taraplaryndan biri bolan "Talyban" hereketiniň paýtagt Dohada wekilhanasynyň açylmagyna hem rugsat edipdi. Şol edara 2013-nji ýylyň 20-nji iýunynda işe başlapdy.
Şol wakalaryň fonunda, Owganystanyň goňşusy bolan Türkmenistanyň hem agzalýan parahatçylyk gepleşikleriniň özünde geçirilmegine oňyn garaýandygy baradaky maglumatlar ilkinji gezek 2011-nji ýylyň maý aýynda peýda bolupdy.
Bu meselede Türkmenistanyň bitarap statusy, şeýle-de Aşgabadyň 1990-njy ýyllarda Owganystany dolandyran "Talyban" hereketi bilen şol ýyllar oňyn aragatnaşykda bolandygy göz öňünde tutulyp, Aşgabadyň bu meselede has täsirli bolup biljekdigi çaklanylýardy.
Ilkinji duşuşyklar
Bu ugurda Owganystanda "Talyban" hereketi bilen özara parahatçylyk gepleşiklerini amala aşyrmak üçin döredilen "Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşiň" wekilleri hem türkmen resmileri bilen ençeme gezek duşuşdylar.
Ilkinji duşuşyklara Owganystan tarapyndan gatnaşanlardan biri Molla Jora Ahun “bitarap Türkmenistan gepleşikleriň geçirilmegi üçin diňe öz territoriýasyny hödürlär, gepleşigiň gün tertibine täsir ýetirmez” diýip, 2011-nji ýylda Aşgabada eden saparynyň ýzysüre Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.
Şol maglumat peýda bolaly bäri Türkmenistan bu ugurdaky islegini ençeme gezek gaýtalady. Emma Owganystandaky toparlaryň gatnaşmagynda Aşgabatda agzalýan proses boýunça haýsydyr bir ýygnagyň geçirilendigi hakda häzirlikçe hiç hili maglumat gelip gowşanok.
Türkmenistanyň öz teklibini ýene bir gezek gaýtalamagy owgan-türkmen serhedinde ”Talyban” toparynyň hereketiniň öňküden has möwjän we käbir söweşijileriň Türkmenistanyň territoriýasyna geçip, diňe şu ýylyň dowamynda alty sany türkmen serhetçisini atyp öldürmegi bilen bagly wakalaryň ýz ýanyna gabat geldi.
Şol wakalardan soňra Aşgabadyň türkmen-owgan serhedini berkidip, aralykda garym gazyp, serhede sim aýlap başlandygy barada hem habarlar gelip gowuşýar. Owganystan bilen Türkmenistanyň serhet araçäginiň uzynlygy 744 kilometere barabardyr.