Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkende basyş edilmegine çagyrylýar


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, 19-njy awgust, 2014
Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow, 19-njy awgust, 2014

Sürgünlikdäki özbek aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylar ABŞ-ny indiki ýylda prezidentlik saýlawlaryny geçirjek Özbegistana syýasy tussaglar meselesinde basyş etmäge çagyrdylar.

Sürgünlikdäki syýasy aktiwist Sanjar Umarow 28-nji oktýabrda Helsinki Komissiýasynyň brifinginde eden çykyşynda Waşingtonyň basyşynyň Özbegistanyň türmelerinde saklanýan 30 çemesi syýasy tussagyň boşadylmagyna kepil geçip biljekdigini belledi.

Özbegistanyň türmelerindäki tussaglar barada maglumat ýakynda adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy tarapyndan dokumentleşdirildi.

“Emma bu diňe başlangyç bolmalydyr” diýip, Özbegistanyň oppozisiýasynyň “Güneşli Özbegistan” koalisiýasynyň ýolbaşçysy žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy. Şeýle-de ol “Özbegistanda adalatsyz tussag edilenleriň ýene ençemesi boşadylmaly. Bu milli ýaraşygyň ugrunda oňyn we ähmiýetli ädim bolup bilerdi” diýdi.

HRW guramasynyň hasabaty

Human Rights Watсh guramasynyň 26-njy sentýabrda habar bermegine görä, Özbegistanda syýasy sebäplere görä tussag edilenler aýylganç türme şertlerinde saklanýarlar we gynamalara sezewar edilýärler, şol sanda olar urlup-ýenjilýärler, elektrik togy, bogmak bilen gynalýarlar we olara zorlanmak haýbaty atylýar hem-de olar seksual kemsitmelere sezewar edilýärler.

HRW guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Stewe Swerdlow öz guramasynyň ABŞ we Ýewropa Bileleşigine ýüzlenip, Özbegistanda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy we, hususan-da “syýasy tussaglaryň saklanýan şertlerini” öwrenmek üçin, BMG-niň Adam Hukuklary boýunça geňeşinde “ýörite mehanizmi” döretmek meselesine çynlakaý seretmäge çagyrandygyny aýtdy.

“Bu meseläniň, hakykatdanam, gynandyrýan we agyr taraplarynyň biri Günbatardyr we onuň Özbegistandaky hukuk bozulmalara göz ýummagydyr” diýip, Stewe Swerdlow aýtdy.

Ünsüň güýçlenmegine umyt baglanýar

ABŞ-nyň resmileri Karimowyň hökümetini ýurtda adam hukuklary bilen bagly ýagdaý sebäpli tankyt etdiler. Şol bir wagtda-da tankytçylar bu meseläniň iki ýurduň howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygynda, şol sanda NATO-nyň Owganystana Merkezi Aziýanyň we Orsýetiň üstünden geçýän üpjünçilik ýoluna degişli hyzmatdaşlykda yza tesdirilýändigini belledi.

Swerdlowyň sözlerine görä, HRW guramasy ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň goşunlarynyň Owganystandan çekilmegi bilen ABŞ-nyň hökümeti “Özbegistanda syýasy tussaglar meselesini has ýygy-ýygydan gozgar diýip umyt edýär”.

Özbek oppozisiýasynyň wekili Umarow Özbegistanda 2015-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda ABŞ-ny berk çykyş etmäge çagyrdy we özbek prezidenti Yslam Karimowyň, ýurduň konstitusiýasynyň prezidentlik wezipesiniň dowamlylygyny iki möhlet bilen çäklendirýän düzgünlerini bozup, gaýtadan saýlanmak üçin mümkinçilik gözleýändigini belledi.

“Biz ýarag soramaýarys. Biz pul soramaýarys. Biz Döwlet departamentinden Karimowyň gaýtadan saýlanmagyna geçirimlilik etmezlige çagyrýarys” diýip, Umarow aýtdy. Umarow 2006-njy ýylda hilegärlikde we salgytdan gaçmakda aýyplanyp, tussag edilipdi. Onuň tarapdarlary bu tussaglygy syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrypdylar.

Syýasy tussaglar

Umarow bilen bilelikde žurnalist Muhammad Bekjanowyň gyzy Aýgul Bekjanowa hem çykyş etdi. HRW guramasynyň maglumatyna görä, Bekjanow 1999-njy ýylda Özbegistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan Kiýewde ogurlanypdy.

Aýgül Bekjanowa kakasynyň tussaglykda sezewar edilýän gynamalary barada aglap gürrüň berdi. Ol, türme düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, kakasynyň 2012-nji ýylda tussaglyk möhletiniň ýene bäş ýyl uzaldylmagynyň maşgala agyr zarba bolandygyny aýtdy.

Bekjanowa Daşkentde bolan partlamalaryň yz ýany hökümetiň, oppozisiýany aýyplap başlan tutha-tutlugy döwründe Özbegistany terk eden kakasynyň parahat adamdygyny aýdyp, onuň bigünädigini nygtady.

Aýgül Bekjanowa öz çykyşyny kakasynyň ejesine aýdan sözleri, ýagny onuň tussaglykda bir syýasy bendi bilen tanşandygy we indi ol ýigide öz potensial giýewsi hökmünde garaýandygy baradaky degişmesi bilen jemledi.

Aýgül Bekjanowa: “Gynansak-da, Özbegistanda syýasy tussag bolmaklyk gowy adam bolmagyň subutnamasydyr diýip, soňra öz sözlerini şeýle jemledi: "Eger siz syýasy tussag bolsaňyz, bu siziň gowy adamdygyňyzy aňladýar. Bu Özbegistandaky gynandyryjy bir ýagdaý”.

Bekjanowa öz maşgalasy bilen ABŞ-da ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG