Pakistanyň gündogaryndaky sud dört ýyl mundan ozal hudaýa şek ýetirmekde aýyplanan hristian zenanynyň ölüm jezasyny güýçde galdyrdy.
Asia Bibiniň aklawçysy Lahoryň Ýokary sudy bu barada eden şikaýatymy 16-njy oktýabrda ret etdi diýdi we ol Pakistanyň Ýokary suduna şikaýat bilen ýüz tutjakdygy barada söz berdi.
Bäş çaganyň enesi Bibi 2009-njy ýylda tussag edilipdi. Ol musulman zenany bilen eden jedelinde Muhammet pygamber barada geleňsiz bellik etmekde günäli tapylyp, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda ölüm jezasyna höküm edilipdi.
Bu wakadan soň, Pakistanyň hudaýa şek ýetirmek baradaky kanunlary halkara derejesinde ýazgarylypdy. Pakistanyň bu baradaky kanunlary 1980-nji ýyllarda kabul edilipdi.