Türkmenistanda täze Agrar partiýany döretmek barada gürrüň edildi. Türkmen resmileriniň maglumatyna görä, bu partiýa ýurtda raýat inisiatiwasy bilen döredilen ikinji garaşsyz syýasy partiýa bolar.
Türkmenistanyň ilkinji garaşsyz syýasy partiýasy - Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilip, hereket edýänine iki ýyla golaý wagt boldy.
Eýsem, täze dörediljek Agrar partiýa eýýäm iki ýyl bäri hereket edýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan nähili sapak alyp biler?
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.