Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beslan: Betbagtçylykdan soňky “täze durmuş”


Nadežda Guriýewa, Beslan, 29-njy awgust, 2014
Nadežda Guriýewa, Beslan, 29-njy awgust, 2014

2004-nji ýylda Beslanda mekdebe edilen terrorçylyk hüjüminiň dowamynda Nadežda Guriýewa iki çagasyny ýitirdi. Bu tragediýa köp adamyň janyny alyp, durmuşyny weýran etdi. 10 ýyldan soňam terrakty öz başyndan geçiren adamlar çeken ýitgisiniň hasratyndan saplanyp bilmän gelýärler.

Beslan, Orsýet – Nadežda Guriýewa öz çagalaryny gujagyna alyp, mekdebiň dymyk howaly sport zalynda polda doňup otyr. Olardan sanlyja ädim gapdalda partlaýjy serişde ýerleşdirilen. Onuň uluja çagalary Boris we Wera milli geýimlere geýnen, olar 1-nji sentýabra bagyşlanan baýramçylyk konsertinde çykyş etmäge taýýarlanypdylar.

Boris bilen Wera Beslanyň 1-nji mekdebine edilen terrorçylykly hüjüm zerarly beýleki köp sanly adamlar bilen birlikde pida boldular. Olary iki günüň dowamynda zamun sakladylar. Jemi terraktyň netijesinde 334 adam, şol sanda 186 çaga wepat bolupdy. Kiçi gyzynyň aman galmagy Nadežda Guriýewanyň bu aýylganç ýitgä döz gelmegine ýardam berdi.

“Meniň çykalgam ýokdy” diýip, Guriýewa aýdýar. “Meniň elimde ýaş çaga bardy. Ol mydama ýüzüme seredip, meniň aglap-aglamaýandygymy duýjak bolýardy. Men hatda aglap hem bilmeýärdim.

10 ýyl mundan ozal 2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýaragly söweşijiler mekdebe hüjüm edip, 52 sagadyň dowamynda 1100 adamy, ýagny mugallymlary, çagalary we ene-atalary zamunlykda sakladylar. Bu aýylganç tragediýany öz başyndan geçirenleriň durmuşy müdimilik üýtgedi.

“Bu ýerden göçüp giden we öz durmuşyny bütinleý üýtgedenler hem bar. Öz durmuşyny bolup geçen zatlary derňemeklige doly bagyşlanlar hem boldy. Maňa muzeýde kömek berýänler hem bar. Aglap gün geçirýänler, gonamçylykda ýaşaýanlar, şol ýerde çagalaryny terbiýelemäge synanyşýanlar hem bar”.

54 ýaşly Guriýewa 1-nji mekdepde 36 ýyl bäri mugallymçylyk edýär. Onuň gyzy we ogly gözüniň alnynda ýogaldy.

“Bar zat içimde we men öz gaýgymy başgalara duýdurmajak bolýaryn. Hakykatda, men mydama matam tutýaryn”.

Şol gün irden mekdebi basyp alan çeçen we inguş söweşijileri ähli zamunlary mekdebiň howlusyndaky uly bolmadyk sport zalyna saldylar we bu ýerde partlaýjy serişdeleri goýup çykdylar. Olar öz zamunlaryna derek orsýet goşunlarynyň Çeçenistan respublikasyndan çykarmagyny talap etdiler.

Guriýewany sport zala soňkularyň hatarynda saldylar. Ol diňe şol pursatda öz üç çagasynyň hem şol zaldadygyna göz ýetirdi.

“On ýyl geçdi. Muňa nädip döz gelendigimi häzire çenli bilmeýärin. Men partlamalar barada aýtmaýaryn, men şol ýerde başdan geçirilen 52 sagat barada aýdýaryn. Bu hakyky aýylgançlykdy” diýip, Nadežda gürrüň berýär.

Ümsümligi talap edip, söweşijiler beýlekileriň gözüniň öňünde bir zamuny atyp öldürdiler.

Başda çagalara hajathana gitmek rugsat berlipdi, olar gidip, suw içip bilýärdiler. Suw olara sport zalynyň yssylygyna we dymyk howasyna çydamaga mümkinçilik berýärdi. (Şu günki güne çenli wepat bolanlaryň hatyrasyna mekdebe plastik çüýşelerde suw getirilýär). Şol gün 14 ýaşly Borisiň gyzgyny galdy we ol hajathana gidip bilmedi.

“Söweşijiler el ýuwulýan elýuwgyçlary we turbalary döwdüler, suw içmäge ýer bolmaz ýaly etdiler” diýip, Guriýewa ýatlaýar. “Çagalar dökülen suwy öz köýneklerine siňdirip, suw almaga synanyşýardylar, käbir çagalar agzyny suwdan dolduryp, ejelerine getirýärdi”.

Emma ikinji gün, gepleşikler netije bermänsoň, çagalar hajathana-da köp goýberilmedi.

“Ganly gözýäş”

Guriýewa 3-nji sentýabrda nähili-de bolsa bir çözgüdiň tapylmagyny tüýs ýürekden isländigini ýatlaýar. Sport zalda, esasan, ümsümlik bolupdy. Zamunlary tabynlykda saklamak üçin terrorçylar üçege ok atdylar durdular. Emma ýüzlerçe adama eýýäm gözegçilik edip bolmaýardy.

Öýlän sagat birden soň sport zalda güýçli partlama boldy.

Turmaga ukyby bolanlar gaçdylar. Gaçyp barýan adamlary oka tutup başladylar. “Ikinji gatyň aýnalaryndan söweşijiler gaçyp barýan çagalary arkasyndan oka tutdular” diýip Guriýewa gürrüň berýär.

Zamunlykdan gaçyp çykan bir gyz suwly kolonkanyň ýanyna ylgap bardy. “Ol suwdan ganyp bilmän durdy. Şol ýerde ony snaýper atyp öldürdi” diýip, Guriýewa ýatlaýar.

Ikinji güýçli partlamadan mekdebiň üsti opuryldy. Jaý ot aldy. “Men özüme gelenimde, Weroçka eýýäm ölidi”.

Şol wagt Wera 11 ýaşyndady. Guriýewa gyzynyň suratyny görkezýär: “Onuň ýüzi edil şu suratdakysy ýalydy. Şeýle ýylgyrýardy. Ýöne gözleri ýapykdy we ýaňaklarynda ganly gözýaş bardy”. Onuň elleri döşündedi, elinde kiçijik haç bardy. Onuň ýeňsesinden ok degipdir.

Borisiň we Weranyň jesetleri soň ýangynda köýdi. Werany tans etmek üçin geýnen milli geýimi boýunça tanadylar. Boris tutuş gana boýalypdy, emma entek dem alýardy. Onuň garnyndan ok geçipdi. Nadeždanyň kiçi gyzy Irina abat galypdyr. Nadežda özüniň kiçi gyzyna gaçmagy tabşyryp, özi Boris bilen galdy. Ol ogluny agyr ýaralanan beýleki adamlaryň ýanyna eltipdir, emma eline zeper ýetensoň, ogluny sport zaldan daşary çykaryp bilmändir. Olaryň gapdalynda adam bedenleriniň bölekleri çaşyp ýatan eken.

Söweşijiler Guriýewany sport zaldan naharhana itip salypdyrlar. Ol kiçijik gyzy hem elinden tutup ýany bilen äkidipdir. Soň gyzy şol ýerde goýup, ýene sportzala barmaga synanyşanda söweşijiler ony goýbermän, olaryň biri elindäki awtomat bilen zenany urup dişini owradypdyr.

Nadežda, Orsýetiň ýörite güýçleri hüjüme başlansoň, aýnadan gaçyp çykmagy başarypdyr.

“Şeýle aýylganç ýagdaýdan çykan islendik adama durmuşyň manysyny täzeden gözläp tapmak gerek bolýar. Ýa-da özüňe kast edip, gonamçylyga eltilmeli. Bärde erkek adamlaryň arasynda özüne kast edenler boldy. Erkek adamlaryň bir topary öz janyna kast edip öldi” diýip, Guriýewa aýdýar.

”Beslan krizisiniň şeýle uly gandöküşiklik bilen tamamlanmagyna kim günäkär? Soňky gyrgynçylygy kim başlady, söweşijilermi ýa Orsýetiň ýörite güýçleri?” diýen sowallara şu çaka çenli anyk jogap ýok. Bu sowallar şu günki güne çenli köp adamy biynjalyk edýär.

Guriýewanyň sözlerine görä, onuň adamsy Stanislaw ar almak duýgusyndan hem-de tragediýanyň günäkärlerini tapyp bilmän ejir çekýärdi. 46 ýaşly Stanislaw bir ýarym ýyl mundan öň ýogaldy.

“Täze durmuş”

Tragediýadan iki aý geçensoň, Guriýewa mugallymçylyk kärine gaýdyp geldi.

“Meniň birinji sapagym öz oglumyň okan klasynda boldy. Men koridordan geçip barýaryn we bir gyz öňümden çykyp: “Nadežda Iliniçna, geleniňiz gowy boldy, Borýa-da geldimi?” diýip sorady. Ýagny, şol wagtda kimiň ýogalanyny kimiň diri galandygyny bilmeýänler hem bardy. Birinji sapagymyzy biz bile aglap geçirdik”.

Emma mugallymçylyk Guriýewa üçin berkligiň çeşmesi hem boldy.

“Mugallym we aktýor hünärlerinde, onuň sözlerine görä, köp meňzeşlik bar. Halasaň-halamasaň, ýüregiň agyrsa-da, ýuregiň parçalansa-da, sen çagalaryň öňüne çykyp sapak bermeli. Olar bilen işlemeli. Üstesine, ýene 10 çaganyň öýüne baryp, sapak bermeli. Men olaryň ýanyna barmankam, özümi dürsäp, ýylgyryp girýärdim. Sapakdan soň çykyp, indiki öýe barýançam aglaýardym. Sebäbi çagalaryň haly agyrdy”.

1-nji mekdebiň garşysynda gurlan täze mekdebiň girelgesinde ”Biz täze durmuşa başlaýarys!” diýen ýazgy bar. Emma Guriýewanyň sözlerine görä, bu geçmişiň unudylmagyny aňlatmaýar. “Birinji mekdebiň taryhy - biziň taryhymyz, terrakt - biziň taryhymyz. Ol örän agyr, gorkunç, ganly, emma biziň taryhymyz. Biz ony ýatlaýarys. Biz täze mekdebe göçüp barmak bilen täze durmuşa başlamadyk. Biz öz durmuşymyzy dowam etdirýäris”.

XS
SM
MD
LG