Şu günki gün Türkmenistanda ýaşuly nesliň wekillerini dürli syýasy we jemgyýetçilik çäreleriň ählisinde görmek mümkin. Ýaşulularyň ýörite syýasy guramasynyň Ýaşulular maslahatynyň bolmagy bilen bilelikde, ýurt ýolbaşçylary hem öz çykyşlarynda ýaşulularyň jemgyýetdäki rolunyň ähmiýetini nygtaýarlar, prezidentiň welaýatlara edýän saparlary ýaşulular bilen duşuşyksyz geçmeýär, hatda pagta-galla hasylyny ýygmak boýunça oba hojalyk çäreleri-de ýaşulularyň dabaraly ýagdaýda pata bermegi bilen başlanýar. Emma ýaşulularyň şeýle aktiwligi jemgyýetde negatiw garaýyşlary hem döredýär. Sebäp nämede? Azatlyk Radiosy Ýaşulular maslahatlarynyň ençemesine gatnaşan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeşlik geçirdi.