Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhçylar I-nji Jahan Urşy barada


Birinji jahan urşuna degişli surat
Birinji jahan urşuna degişli surat

Birinji jahan urşunyň başlanmagyndan ýüz ýyl geçensoňam taryhçylar onuň başlanyşy bilen bagly geňirgenme bildirýärler. Şol bir wagtyň özünde-de şu günki gün adamlar dünýäde bolup geçýän häzirki ýagdaýlaryň näderejede howpludygy barada sowallary köp orta atýarlar.

Birinji jahan urşunyň başlanmagynyň ýüz ýyllygy bilen baglylykda AÝ/AR-nyň Balkan gullugynyň habarçysy Dragan Stawljanin birnäçe taryhça ýüzlenip olaryň taryhy betbagtçylyklaryň sebäpleri baradaky pikirlerini sorady we olardan şol döwür bilen şu günki wakalary deňeşdirmeklerini haýyş etdi.

AÝ/AR: Birinji jahan urşunyň başlanmagyndan bir asyr geçensoň, biz şol urşuň turmagyna kim günäkär diýen sowala jogap tapyp bilýärismi?

Kembrij uniwersitetiniň Ýewropanyň taryhy we halkara gatnaşyklar boýunça professory John Keiger: “Şol urşa kimiň, haýsy güýçleriň jogapkärdigi hatda şu günki gün hem belli däl. Men Germaniýanyň we Awstro-Wengriýanyň ilkinji nobatda jogapkär ýurtlar bolup galýandygyny aýdyp biljek. Ýöne bu mesele şu günki güne çenli soragly bolup galýar” diýip, professor Keiger aýtdy.

Ştuttgart uniwersitetiniň taryh boýunça professory we birnäçe kitabyň, şol sanda “Germaniýa Birinji jahan urşunda” atly eseriň awtory Gerhard Hirschfeld: “Jogapkärleriň sanawyna göz aýlasak, ol Wena hökümetiniň serblere ýollan ultimatumy we Germaniýanyň hökümetiniň “Serediň, siz islän zadyňyzy edip bilersiňiz. Serbler meselesini müdimilik çözüp bilersiňiz” diýip, herekete geçmegi bilen başlanýar. Olar adaty 19-njy asyra mahsus häsiýetli urşy göz öňünde tutupdylar. Emma olar täze görnüşli we netijelerini öňünden çak edip bolmajak görnüşdäki bir urşa uçradylar”.

Stambulyň Koç uniwersitetiniň taryh boýunça professory we Birinji jahan urşy barada kitaplaryň awtory Sean McMeekin: “Germaniýanyň we Awstriýanyň diplomatlary Saraýewodaky wakalaryň yzysüre bu konflikti Balkanlar bilen çäklendirmäge syanyşypdylar. Häzirki wagtda bu mümkin bolmadyk bir ýagdaý bolup görünýän hem bolsa, şol wagtda Wena bilen Berlin özleri üçin ideal ýagdaý hökmünde, başga döwletler goşulmazdan, Awstro-Wengriýanyň Serbiýa garşy söweşmegini göz öňünde tutupdylar. Orsýetiň syýasaty we pozisiýasy bolsa başda krizisiň we soň konfliktiň ýaýbaňlanmagyna getirdi. Fransiýanyň we Britaniýanyň hem bu konflikte goşulandyklaryny bellemek gerek. Şeýlelikde Orsýetiň syýasaty konfliktiň Ýewropa we dünýä derejesinde tutaşmagyna getirdi. Elbetde, diňe bir Orsýetiň jogapkärdigini aýdyp bolmaýar. Bu Awstro-Wengriýanyň Saraýewodaky wakalara jogabynyň we Serbiýa garşy edilen hereketlere Orsýetiň jogabynyň kombinasiýasy bolupdy. Bu bolsa aýylganç urşy tutaşdyrypdy.

Annika Mombauer Londonda ýerleşýän Açyk Uniwersitetde leskiýa bilen çykyş edýär we ol Birinji jahan urşy barada ençeme kitaplaryň awtory.

Annika Mombauer: “Karar çykarýanlaryň we ýönekeý ýewropalylaryň köpüsi ýagdaýyň urşa barýandygyny duýupdy. Beýik döwlet bolmak isleýän döwletleriň beýleki döwletleriň garşysyna uruş tutaşdyryp, uruşda ýeňiş gazanmak arkaly öz beýikligini tassyklamak isleýändigi barada düşünje bar. Karar çykarýanlaryň arasynda urşa ýykgyn edýänler hem bolýar, şeýle syýasatçylar ähli döwletlerde bar. Şeýle syýastçylar Wenada we Berlinde köp bolan bolmaly.

Frieburg uniwersitetiniň taryh boýunça professory we Birinji jahan urşy barada kitaplaryň, şol sanda “Pandorra gutusy: Birinji jahan urşunyň taryhy” atly kitabyň awtory Joern Leonhard: “Germaniýanyň uruş babatynda taýsyz günäsi barada aýtmak ýalňyşdyr, emma biz dürli we köplenç bir-birine bagly jogapkärçilikleriň bardygyny bellemli. Bu ýerde diňe bir Germaniýa Awstriýa ygtyýar bermändi, Orsýet hem Serbiýa ultimatumy äsgermän hereket etmäge ygtyýar beripdi. Bu ýerde Fransiýa tarapyndan Orsýete hem şuňa meňzeş ygtyýaryň berlendigini bellemek gerek.

AÝ/AR: Dünýädäki häzirki ýagdaýlaryň, meselem Ukraina barada aýdylanda, ýa-da Hytaý bilen Ýaponiýanyň Günorta Hytaý deňzindäki adalaryň üstündäki dawalar barada aýdylanda, 1914-nji ýylyň tomsundaky wakalar bilen arasynda köp deňeşdirme geçirilýär. Siz şol wakalaryň arasynda meňzeşlik, ýa-da şu günki gün üçin sapak bolup biljek zatlary görýärsiňizmi?

Jon Keiger: “Hawa, men hususan-da Ukrainada bolup geçýän wakalara pessimistik garaýaryn. Emma Uzak Gündogardaky ýagdaýlar hem erbet netijeler üçin potensial howp döredýär”.

Gerhard Hirschfeld: Men bu ýerde parallel görmeýärin. Taryh gaýtalanmaýar. Taryh sebäplere we şertlere bagly bolýar, olar bolsa tapawutlanýar. Şeýlelikde 1914-nji we 2014-nji ýyllaryň arasynda hiç hili parallel ýokdur. Emma adam faktory, üýtgemän galýan we howatyrlanma döredýän mesele bolup durýar”.

Sean McMeekin: Taryh hiç wagtda doly görnüşde gaýtalanmaýar. Deňeşdirme geçirsek, şu günki Hytaýy Germaniýa meňzedip bolardy. Emma Hytaýy 1914-nji ýylyň Orsýetine hem meňzetmek bolardy. Şol döwürde Orsýet ykdysady taýdan şu günki gün Hytaý ýaly güýçli ösýärdi. Emma käwagt taryhdan sapak almak üçin ýalňyz deňeşdirmeler we netijeler çykarylýar.

Annika Mombauer: “Taryhçylar we syýasatçylar häzirki krizisleri çözmek üçin geçmişe, 1914-nji ýylyň iýulyna ýa-da beýleki taryhy wakalara garaýarlar. Emma men geçmişdäki krizisleri häzirki ýagdaýlara çemeleşmek üçin ulanyp bolar diýip pikir etmeýärin.

Joern Leonhard: “Biz göni deňeşdirme geçirmekde seresap bolmaly. Eger biz 2014-nji ýylyň tomsuna seretsek, biz şol döwürdäki ýagdaýa has gowy düşünmäge ýardam berip biljek faktorlary göreris. Ilkinji mesele syýasatyň taryhydyr. Imperializmiň käbir görnüşleri we imperiýalaryň dargamagy bilen bagly gorkular bardy. Eger siz Orsýetdäki ýagdaýa syn etseňiz, bu postimperial döwletdir. Eger siz Baltika döwletlerinden başlap, günorta-gündogar Ýewropa tarapda ýerleşýän konfliktler zonalaryna seretseňiz, olaryň öňki üç imperiýanyň, Ors, Habsburg we Osman imperiýalarynyň giňişliginde ýerleşýändigini görersiňiz. Şol imperiýalar bolsa Birinji jahn urşunyň netijesinde dargapdylar.

XS
SM
MD
LG