Köýtendaga syýahat
Türkmenistanyň Köýtendag sebiti owadan tebigaty bilen birlikde, daşlaryň ýüzünde galan dinazawrolaryň aýak yzlary bilen hem meşhurdyr. Dinazaworlaryň bu aýak yzalary Köýtendagyň Hojapil obasynda we Magdanly şäheriniň golaýyndaky Gowurdagyň dag gerişlerinde tapyldy. Köýtendagyň Hojapil obasynda ilkinji derňewleriň geçen asyryň 60-njy ýyllarynda geçirilendigi barada Russiýanyň “Izwestiýa” websahypasynda habar berlip, bu ýerde dinozaworlaryň aýak yzlarynyň tapylandygy baradaky maglumat bolsa, ilkinji gezek 1983-nji ýylda "Мoskowskih Nowostýah" atly gazetde peýda bolupdy. 2008-nji ýylda Magdanly şäherinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän Gowurdagyň dag gerişlerinde hem, dinozaworlaryň 100-den gowrak aýak yzynyň tapylandygy barada Türkmenistanyň Geologiýa muzeýiniň müdiri Anatoliý Buşmakina salgylanyp, rus metbugaty habar berýär. Ondan başga-da bu sebitde türkmen alymy Gurban Amanniýazow hem azyndan üç ylmy ekspedisiýany gurnady. Şeýle-de, bu ekspedisiýanyň agzasy professor Plutalow dinazaworlaryň ugurlarynyň kartasyny taýýarlady. Emma häzirki günlerde bu sebitiň ünsden düşürilendigi, ol ýerde syýahatçylaryň gezelenç etmegi üçin amatly şertleriň döredilmändigi aýdylýar.