Abiwerde syýahat
Abiwert harabaçylygy Aşgabat-Mary ýolunyň ugrunda Kakanyň golaýynda ýerleşýär. Taryha bu ýer dürli atlar bilen girýär. Bu gala-şäher Bawerd, Abawerd, Paart, Pawart, Peşdag atlary bilen hem belli. Abiwert Demirgazyk Horasanyň iri merkezleriniň biri bolan. Häzir bu şäher harabaçylyga öwrülipdir. Galanyň günorta-günbatarynda ýeke-täk derwezesi bolupdyr. Galanyň içinde 15 asyryň başlarynda gurlan metjit hem bolupdyr.Abiwert-Peşdag gala-şäheri 12 asyrda mongol basybaljylary tarapyndan basylyp alynýar we ýumurulýar.