Haýwanat bagyna gezelenç
Türkmenistanda tomusky dynç alyş döwrüniň başlanmagy bilen, Aşgabadyň Gökderedäki janly tebigatyň milli muzeýinde hem çagalaryň uly toparyny görmek bolýar. Bu ýere Gökderäniň dynç alyş öýlerinde dynç alýan çagalary hem gezelenje, haýwanat bagyna alyp gelýärler. Şol bir wagtda terbiýeçi edip bellenen adamlaryň ýaş çagalara berk daraşýan pursatlaryny hem görmek bolýar.