Köne Nusaýa syýahat
Köne Nusaý galasy paýagtyň günbataryndan 18 kilometrlikde ýerleşen Bagyr obasynda ýerleşýär. Baýyrlykda gurlan patyşa galasy biziň eýýamymyzdan öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden parfiýa patyşasy Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň şol döwür Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Bu galada häzirki wagtda hem gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Bu işleri italýan hem-de rus arheologlary amala aşyrýarlar. Arheologik işlerinde gazuw işlerine ýerli ýaşaýjylar hem çekilýär. Arheologik toparlaryň düzüminde türkmen alymlarynyň hem işleýändigi aýdylýar. Galanyň tutýan meýdany 17 gektar bolup Köne Nusaýda parfýan patyşalarynyň jaýlanýan ýeri bolupdyr. Köne Nusaý galasy 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.