Amnesty International, ýagny Halkara günä geçiş guramasy, adalatly bolmadyk diňlenişikde 22 ýyl iş kesilen bendi Mansur Mingelowyň, açlyk yglan edensoň, häzirki wagt häkimiýetler tarapyndan güýç ulanylyp naharlandyrylmak howpy bilen ýüzbe-ýüzdügini habar berdi.
Siýdidäki türmede saklanýan Mingelow 19-nji maýda türmäniň ýolbaşçysyna özüniň açlyk yglan edendigini habar beripdir. Mansur Mingelow Türkmenistanyň baş prokurorynyň hemem prezidentiň ýanyndaky Adam hukuklary we demokratiýa institutynyň wekilleri bilen duşuşdyrylmagyny hemem sud diňlenişiginiň gaýtadan geçirilmegini talap edýär.
Şol talabyndan bir gün soň, Lebabyň welaýat prokuratorasynyň wekili Mansur Mingelow bilen duşuşypdyr. Şonda ol Mingelowa, eger açlyk protestini bes etmese, onuň zor bilen naharlandyryljakdygyny aýdyp haýbat atypdyr.
Halkara güna geçiş guramasynyň 22-nji maýda ýaýradan beýanatynda, akyly ýerinde bolan bir adamyň, lukmanlaryň gözegçiligi bolmazdan zor bilen iymitlendirilmeginiň kabul ederlikli däldigi, hatda onuň wagşylyk hemem adam mertebesini kemsidiji bir hereket boljagy aýdylýar.
Tussag aýyplamalary ret edýär
Agzalýan gurama, ynamdar çeşmä salgylanyp, Mansur Mingelowyň özüne garşy ýöneklýän ähli aýplamalary ret edip, özüniň bigünädigini aýdýandygyny habar berýär. Aýdylyşyna görä, Mansur Mingelow sud diňlenişiginiň adalatly geçirilmändigini aýdyp, özüniň Owadandepe türmesine alnyp gidilmek mümkinçiligine garşy çykyş edensoň, oňa türmede edilýän basyşlar hasam artypdyr.
Halkara günä geçiş guramasynyň maglumatyna görä, türmäniň ýolbaşçylary onuň maşgala agzalary bilen geçirilýän kadaly duşuşyklarynyň, hatda oňa maşgalasy tarapyndan iberilýän azyk önümleri bermegiň çäklendiriljekdigini aýdyp haýbat atypdyrlar.
Agzalýan guramanyň maglumatynda, 29-inji aprelde öňki ady Neşä garşy göreş boýunça döwlet komiteti bolan, häzirki Sagdynlygy goramak boýunça döwlet gullugynyň işgärleriniň Mansur Mingelowyň öýüne baryp, kakasy bilen duşyşandygy hemem Mansuryň mobil telefonyny alyp, onuň içindäki maglumatlaryň nusgasyny alyp gidendigi habar berilýär.
Mansur Mingelow 2012-nji ýylyň 6-inji iýunynda dogany tussag edileninden bir gün soň, onuň işi bilen ilteşikli tussag edilipdir. Edil şol gün onuň we doganynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan ýenjilendigi barada hem maglumatlar bar.
Olaryň ikisine hem 2012-nji ýylyň 10-nji sentýabrynda adalatly bolmadyk sud diňlenişigi netijesinde iş kesildi diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň beýanatynda aýdylýar.
Agzalýan gurama beýanatynyň soňunda halk köpçüligine ýüzlenip, olary türkmen resmilerine, şol sanda prezidente, baş prokurora we beýleki degişli edaralara hat ýazyp, raýatlaryň söz azatlygynyň goralmagyny, zor bilen naharlandyrmak ýaly hereketlere baş goşýan ýolbaşçylaryň jezalandyrylmagyny sorap hat ýazmagyny maslahat berýär.