Türkmenistanda öz meselesi bilen häkimiýetlere ýüzlenip, kabul edilmeýän raýatlaryň “indi biz näme etmeli?” diýip orta atýan sowalyna Aşgabatly ýurist Ýewgeniý Greçuhin jogap berýär.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda raýatlar Aşgabadyň häkimligine, ýurduň beýleki ýerlerindäki resmi edaralara öz meselesi bilen baranda kabul edilmedik halatynda näme etmeli?
Ýewgeniý Greçuhin: Olar häkimlige gatnamagyň ýerine, ýene-de öz arzasyny hat üsti bilen iberse, has netijeli ýol bolýar. Arza hat üsti, zakaznoý, ýagny elin gowşurylýan we gowşurylandygy barada resmi kagyz berilýän poçta hyzmatynyň üsti bilen iberilmeli, kwitansiýalary hem saklap galmaly. Düzgüne görä, bir aýyň içinde häkim hökman jogap beräýmeli. Şeýle arza resmi çinownigiň dilden “baryň, belli bir wagtda size jaý bereris, ýa bermeris” diýmän, ýazmaça görnüşde resmi jogaby bolar, ýagny ol şeýle jogab bermeli bolar.
Ikinji bir ýol, etrabyň häkimi kabul etmedik ýagdaýynda raýatlar şäheriň häkiminiň ýanyna barmaly.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň raýaty häkimiýetleriň ünssüzliginden şikaýat edip, suda ýüz tutup bilýärmi?
Ýewgeniý Greçuhin: Hawa, häkimiýetleriň hereketsizliginden şikaýat edip, suda ýüz tutup bolýar. Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ortalarynda kabul edilen we şu günki güne çenli güýjünde saklanyp galýan ýörite kanun bar. Bu kanun wezipedäki resmileriň hereketsizliginden we raýatlaryň şahsy hukuklaryny we azatlyklaryny bozmagyndan şikaýat etmegiň düzgünlerini kesgitleýär. Üstesine, Türkmenistanyň graždan prosesual kodeksi hem bu meseläni düzgünleşdirýär.
Türkmenistanyň raýatlary öz meseleleri bilen köplenç döwlet edaralaryna özleri barýarlar, uzak wagtlap uly nobatlarda durýarlar. Emma men adamlara öz kynçylyklary boýunça ýuristlere, aklawçylara ýüzlenmegi maslahat berýärin. Adamlar ýuristleriň kömegi bilen öz arzalaryny düzgüne görä ýazyp iberseler, goý, bu mydama oňyn netije bermeýän hem bolsa, gelen jogap resmi dokument bolýar we indiki ädimlere ýol açýar. Aşgabadyň her bir etrabynda ýuridiki konsultasiýa maslahatyny berýän edaralar bar. Elbetde, bu hyzmat tölegli bolýar, ýöne mugtuna kömek berýän ýuristler hem bar.
Käte ýuristler käbir meseleler babatynda gorkagrak bolsalar, başga ýuristleriň ýanyna barmaly, islendik ýurist hiç bolmanda hatlaryň, şikaýatlaryň we ýüzlenmeleriň tertibini bilmeli.
Azatlyk Radiosy: Adamlaryň kanunlara we beýleki ýuridiki meselelere degişli sowallaryna garaýan döwlet edaralary barmy?
Ýewgeniý Greçuhin: Men ýene bir maslahat berýärin. Aşgabadyň Adalat ministrliginde her çarşenbe güni agşam sagat altydan sekize çenli raýatlaryň kabul edişligi geçirilýär. Bu ýerde prokuraturanyň işgäri, suduň işgäri, Adalat ministrliginiň işgäri we aklawçy oturýar.