Mundan birnäçe gün öň, türkmen resmileriň owganystanly etniki türkmenlere türkmen-owgan araçägindäki Amy derýanyň ortasynda ýerleşýän dawaly territoriýa geçmegine rugsat bermeýändigi barada habar beripdik.
Soňky maglumatlara görä, owganystanly etniki türkmenleriň gürrüňi edilýän dawaly territoriýa geçmegine gaýtadan rugsat berlip başlanypdyr. Amy derýanyň ortasyndaky bu ada, derýanyň öz akymyny Owganystan tarapa uýtgetmegi sebäpli emele gelipdir. Owganystanly türkmenler onuň özlerine degişlidigini aýdýarlar.
Bu territoriýadaky soňky özgerişikler barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynyň arçyny Gulam Resul bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.