Soňky bir hepde bäri Demirgazyk Owganystanyň ýaşaýjylary sil heläkçiliginden ejir çekýärler. Onlarça, hatda, ýüzlerçe adam wepat boldy, wepat bolanlaryň arasynda Türkmenistan bilen serhetdeş etraplarda ýaşaýan türkmenler hem bar.
Ýerli ýolbaşçylar, dünýäniň ençeme ýurdundan kömek barandygyny we olary ilata paýlamak işleriniň dowam edýändigini, emma heläkçiligiň göwrümi juda uly bolansoň bu ýardamlaryň ýeterlik däldigini, goňşy Türkmenistandan bolsa henize çenli hiç hili kömegiň gelmändigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady Owganystandan habar berýär.