Bir gazetiň redaktory bolup işleýän 60 ýaşly Lýudmila bilen 75 ýaşly pensioner Ýelena Andreýewnanyň arasynda köp umumylyklar bar.
Bularyň ikisi-de ömrüniň köpüsini Kiýewde geçiren, ikisiniň-de milleti ors, ikisi-de prawoslaw. Ýekşenbe güni pasha baýramy mynasybetli ikisi-de gorky we abanyp duran uruş howpunyň astynda Ukrainada parahatçylyk we özara düşünişmegiň hatyrasyna doga edipdirler.
Ýöne bu ikisiniň başga zatlar baradaky garaýyşlary welin, biri-birinden bütinleý tapawutly. Lýudmilanyň pashada Ukrainadaky orslar üçin eden dilegi dil barada "deň hukuklylygyň" berilmegi bolupdyr.
Ýelena Andreýewna hem Kiýew patriarhlygynyň Sankt Mihael ybadathanasynda doga edip, ors serhedindäki gazap odunyň öçürilmegini diläpdir.
Çapraz pikirler
Lýudmila Orsýetiň Krymy anneksiýa edenine özüniň begenýändigini aýdýar. Emma Ýelena muny gowy görenok.
Lýudmila Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini "söýýändigini" aýtsa, Ýelenanyň garaýşy bütinleý tankydy. Ol bu barada şeýle diýýär: "Putin weýran ediji bolmaga zerurlygyň ýokdugyna düşünmeli. Ol abatlaýjy bolmaly. Orslar bilen ukrainler dost hem dogan. Ýöne indi bu üýtgeýär. Men Putini goldamok. Ol biz ukrainlara köp gaýgy-gam getirdi".
Iki zenanyň ýagdaýyndan hem belli bolşy ýaly, ýurduň içindäki bölünişik diňe bir etniki ýa sap dile esaslanýan bölünişik däl. Ýurtdaky bölünişigiň dini tarapy-da bar.
Bölünişigiň dini tarapy-da bar
Ukrainadaky ilatyň aglaba köplügi hristian. Ýurduň hristian ilatynyň üçden iki bölegi hem prawoslaw.
Ukrainada esasy prawoslaw ybadathanalaryň sany üç. Olar Ukrainanyň prawoslaw ybadathanasy bolan Kiýew patriarhlygy, Ukrainanyň prawoslaw ybadathanasy bolan Moskwa patriarhlygy, şeýle hem kiçeňräk awtosefalus ukrain ybadathanasy.
Lýudmila Kiýew patriarhlygynyň Maýdany goldanlygyny tankytlap, muny "şeýtan işi" diýip atlandyrýar. Ol şeýle hem Moskwanyň liniýasyna eýerip, rewolýusiýany Ikinji jahan urşy döwründäki ukrain milletçisi Stefan Banderanyň tarapdarlarynyň amala aşyrandygyny aýdýar.
Lýudmula: "Häkimiýet başyna gelenler kimler? Olar aslynda, 'Banderowçylar'. Olarda şonuň nyşany hem portreti bar. Olaryň esasy düşünjesi ýigrenç" diýýär.
Ol Orsýete prawoslaw däbiniň berkitmesi diýip garaýar: "Men ors, şol sebäpden meniň umydym Orsýetde. Mundan başga-da Orsýetde gadymdan däp bolup gelýän gymmatlyklar bar. Biz näme üçin ýa Ýewropany ýa Orsýeti saýlap tutmaly? Ukraina Ýewropa bolup, Orsýet Ýewropa dälmi?"
Sankt Mihael ybadathanasynda Ýelenanyň pasha üçin edýän dogasy bolsa parahatçylyk we birek-biregiň günäsini geçmek barada: "Şular ýaly kynçylykly ýagdaýa düşsek-de, şu mukaddes günde biz hemmelere baş egýäris, ähli hykaratlary, kemsitmeleri bagyşlaýarys. Bizi Hudaýyň özi goldar".