Ispan dilli ýazyjylaryň arasynda iň meşhur hasaplanýan ussat, Nobel baýragynyň eýesi Gabriel Garsia Markes 87 ýaşynda aradan çykdy.
Onuň eserleri ispan dilinde, "Injilden" soň, iň köp satylan kitaplaryň hatarynda agzalýar.
Markesiň iň meşhur eserleriniň biri bolan "Ýalňyzlygyň ýüz ýyly" romanynyň dünýä halklarynyň 25-den gowragynyň diline terjime edilendigi we 50 milliondan gowrak nusgasynyň satylandygy aýdylýar.
Eýsem Latyn Amerikasynyň iň meşhur ýazyjylarynyň biri bolan Gabriel Garsia Markes Türkmenistanda nähili tanalýar? Onuň eserleri türkmen okyjylaryna ýetirildimi?
Azatlyk Radiosy bu soragy aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.