Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DGUU: Türkmen studentleriniň meselesi çözüler


Ukraine - Donetsk State University for Management
Ukraine - Donetsk State University for Management
Türkmenistanly studentler Ukrainanyň gündogarynda, häzirki wagtda separatistik hereketleriň dowam edýän şäherleriniň ýokary okuw jaýlarynda hem bilim alýarlar. Azatlyk Radiosy Donetskiň dolandyryş boýunça döwlet uniwersiteti bilen gepleşip, regiondaky durnuksyzlygyň türkmenistanly studentlere ýetirýän täsiri barada sorady.

Uniwersitetiň daşary ýurtly studentler boýunça merkeziniň müdiri Aleksandr Bogdanow bu okuw jaýynda bilim alýan türkmen studentleriniň arasynda edil häzir okuwyny bes edip, ýurduna gidenleriň bolmandygyny, şol bir wagtda-da uniwersitetde studentleriň, eger isleseler, öz okuwyny wagtlaýynça togtatmagy ýa-da başga bir ýerde dowam etdirmegi üçin ýörite düzgünleriň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr Wiktorowiç, siziň uniwersitetiňizde Türkmenistandan näçe adam okaýar?

Aleksandr Bogdanow: Biziň uniwersitetimizde Türkmenistandan jemi ýedi adam okaýar.

Azatlyk Radiosy: Edil häzirki wagtda, Donetskde dartgynlylyk dowam edýärkä, studentleriň özlerini alyp barşyna ýa-da okuw prosesine degişli haýsy-da bolsa bir goşmaça girizilen ýörite düzgünler barmy?

Aleksandr Bogdanow: Türkmen studentleri bu ýerde umumy toparlaryň düzüminde bilim alýarlar we uniwersitetiň içerki düzgünlerine laýyklykda okuw prosesini dowam edýärler. Häzirki wagtda biziň okuw jaýymyzyň iş tertibi-de ozalkysyndan tapawutlanmaýar. Sapaklar adaty tertipde geçirilýär, uniwersitetiň territoriýasynda ýa-da umumy ýaşaýyş jaýlarynda biziň studentlerimiz bilen bagly hiç hili çaknyşyklar ýa-da ýakymsyz wakalar ýüze çykmaýar. Şol bir wagtyň özünde-de häzirki wagtda şäherde dörän ýagdaý bilen baglylykda, studentleriň özlerinde isleg dörän halatynda olaryň Ukrainanyň territoriýasyny terk etmäge doly hukugynyň bardygy daşary ýurtly studentleriň dykgatyna ýetirildi.

Azatlyk Radiosy: Okuwyny togtatmaga isleg bildiren studentler boldumy?

Aleksandr Bogdanow: Biziň uniwersitetimizde... men daşary ýurtly studentler, şol sanda türkmenistanly studentler bilen ýygy-ýygydan duşuşýaryn. Şeýle duşuşyklaryň soňkusy düýn geçdi. Men olar bilen mydama, [gije-gündizde] 24 sagadyň dowamynda aragatnaşykdadygymy aýtdym. Mobil telefonumyň mydama işläp durjagyny, biziň her pursatda gepleşip, maslahatlaşyp biljekdigimizi studentleriň dykgatyna ýetirdim. Eger studentler sessiýany möhletinden ir tabşyrmak isleseler, olaryň bu islegi uniwersitetiň ýolbaşçylaryna ýetiriler we ýolbaşçylar derejesinde munuň üçin ýörite çäre görler. Studentlere ekzamenleri wagtyndan ir tabşyrmak mümkinçiligi döredilýär. Bu uniwersiteti tamamlaýanlara hem degişli.

Azatlyk Radiosy: Studentler Uniwersitetden dokumentlerini nähili tertipde alyp bilýärler?

Aleksandr Bogdanow: Biziň düzgünlerimize görä, dokumentleri diňe bir ýagdaýda alyp bolýar. Student ekzamenleri tabşyrmak we okuw ýylyny tamamlamak bilen bir wagtda öz islegine görä okuwdan çykarylmagy barada arza ýazmaly. Şeýle ýagdaýda studente akademik resminama berilýär. Bu bolsa studentiň alan biliminiň derejesini tassyklaýar we oňa öz okuwyny indiki tapgyrda dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Meselem, student ikinji kursda okaýan bolsa, ol okuwyny dowam etjek bolanda, okan ýyllaryny ýitirmän, üçünji kursdan dowam etdirýär.

Azatlyk Radiosy: Agzalan bu resminama studentleriň başga ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda hem okamagyna mümkinçilik berýärmi?

Aleksandr Bogdanow: Elbetde, emma munuň üçin student resmi taýdan belli bir okuw tapgyryny tamamlamaly. Bu bolsa biziň ýurdumyzda diňe bir ýagdaýda mümkin. Student resmi taýdan özüniň okuwdan çykarylmagyny soramaly, yz ýany oňa akademiki dokumenti we uniwersitetde saklanýan dokumentleri berilýär.

Azatlyk Radiosy: Uniwersitetiňizde okaýan daşary ýurtly studentlerden öz dokumentlerini soran boldumy?

Aleksandr Bogdanow: Ýok, bizde dünýäniň 13 ýurdundan bolan 67 sany daşary ýurtly student okaýar. Olardan hiç biri, şol sanda türkmenistanly studentlerden hiç kim dokumentlerini yzyna soramady.

Azatlyk Radiosy: Dokumentlerini alyp gitmek isleýänler tapylsa, olar muny näderejede tiz edip bilerler?

Aleksandr Bogdanow: Eger studentler şeýle haýyş bilen ýüzlenseler, olaryň haýyşyna gaýragoýulmasyz tertipde garalar. Daşary ýurtly studentlere degişli ähli soraglar örän operatiw çözüler.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:19 0:00
Ýükle


XS
SM
MD
LG