16-njy aprelde Ukrainanyň gündogarynda Orsýetiň baýdagyny göterýän harby ulaglar peýda boldular we Kramatorsk şäheriniň üstünden Slowýansk şäherine tarap geçip gitdiler. Şol ulaglaryň üstünde harby lybasly onlarça ýaragly adamlar bardy.
Internetde ýerleşdirlen wideoýazgylar ukrain harbylarynyň bir böleginiň orsýetparaz separatistlere goşulandygy baradaky çaklamalary tutaşdyrdy, emma Ukrainanyň Goranmak ministrligi öz emläginiň ogurlanmagynyň ýa-da esgerleriň başga bir tarapa geçmeginiň mümkinçiligini ret etdi.
Separatistleriň talaby
Şol bir wagtyň özünde-de separatistler 16-njy aprelde regionyň esasy şäheri hasaplanýan Donetskde şäher administrasiýasynyň jaýyna güýç ulanyp girdiler.
Şäher geňeşiniň metbugat wekili azyndan 20 sany ýaragly adamyň binany öz ellerine alandygyny aýtdy. AFP agentliginiň habarçysy kalaşnikow awtomatlary bilen ýaraglanan protestçileriň häkimligiiň edarasyna girip, regionda referendum geçirilmegini we Ukrainanyň has giň ygtyýarly ýerli häkimiýetli federasiýa öwrülmegini talap edendigini habar berdi.
Şeýle-de separatistler Ukrainanyň günortasyndaky azyndan sekiz sany şäherde resmi edaralary eýelediler.
Slowýansk şäheriniň häkimi ýaragly separatistleriň ýerli ýaşaýjylara ýarag berendigini aýdýar.
Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Orsýeti “Ukraina terrorçylygy eksport etmekde” aýyplady.
15-nji aprelde Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň gündogarynda “terrorçylyga garşy” operasiýa başladylar we Kramatorskda kiçi harby bazany öz ellerine aldylar.
Slawýanskda 16-njy aprelde Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri görünmedi.
Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri orsýetparaz separatistlere garşy operasiýalaryň başlanmagyndan soň Orsýetiň harby ýolbaşçylarynyň olara ok atmak barada görkezme berendigini görkezýän maglumatlaryň ele salnandygyny 16-nji aprelde aýtdylar. Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň beýannamasyna görä, ele salnan maglumatlar ýurtdaky durnuksyzlygyň “Orsýetiň harby razwedkasynyň ofiserleriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýandygyny açyk görkezýär”.
Şol bir wagtyň özünde-de Goranmak ministrligi ýaragly ekstremistleriň Lugansk regionynda Ukrainanyň iki esgerini zamun alandygyny aýtdy.
Orsýet aýyplamalary ret edýär
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň “graždanlyk urşunyň bosagasynda” durandygyny duýdurdy.
Orsýet özüniň Ukrainadaky durnuksyzlygy gurnaýandygy barada Ukraina we Günbatar tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalary ret edýär.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow özüniň Ukrainanyň, ÝB-niň we ABŞ-nyň resmileriniň arasynda 17-nji aprelde Ženewada geçiriljek duşuşyga gatnaşjakdygyny aýtdy.
Lawrow duşuşygyň gün tertibindäki esasy mesele Ukrainada konstitusion reformanyň geçirilmegine we ors dilli ilata has köp häkimiýet wekilliginiň berilmegine bagly bolar diýdi.
Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Ýuriý Klymenko Ukrainanyň federallaşmagyna degişli meseläniň duşuşygyň gün tertibinde ýokdugyny aýtdy: “Ukraina duşuşygyň dowamynda özüniň içerki meselelerini maslahat etmekçi däl, şonuň üçin biz Ukrainanyň federallaşmagy bilen bagly meseleleri maslahat etmeris. Bu mesele gün tertibinde ýok”.
Moskwa Kiýewdäki hökümeti Ukrainanyň gündogarynda durnuksyzlygy tutaşdyrmakda we ors dilini öz birinji dili hasap edýan raýatlaryň hukuklaryny depelemekde aýyplaýar we olary hüjümden goramagy wada berýar.