Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýurduň Ministrler kabinetiniň giňişleýin maslahatyny geçirip, degişli ýolbaşçylaryň öz ýolbaşçylyk edýän pudaklarynda şu ýylyň üç aýy boýunça eden işleriniň hasabatyny diňledi.
Hasabatyň dowamynda prezident halk hojalygynda, oba hojalygynda we medeni ugurda edilen işler barada berlen hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri we tabşyryklary berdi diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy ýazýar.
Giňişleýin hökümet maslahatynyň dowamynda prezident ýurduň Gurluşyk ministrligini özgerdip, täze, Gurluşyk we binagärlik ministrligini döretmek baradaky karara gelendigini aýtdy. Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine Batyr Ereşow bellenildi.
Prezident Berdimuhamedow ýolbaşçy işgärleriň başga-da birnäçesini işden boşadyp, käbir kadrlaryň ýerlerini çalyşdy.
"Nurmyradowa, siz gidibilersiňiz"
Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça orunbasary B.Nurmyradowa öz ýolbaşçylyk edýän pudagynda üç aýyň dowamynda edilen işler barada hasabat berip, prezidente şeýle sözler bilen ýüzlendi:
«Hormatly arkadagymyz, siz meni – ýönekeýje oba gyzyny dürli jogapkärli wezipelere belläp, şu derejelere ýetirdiňiz. Men siziň goldaw-hemaýatyňyz, howandarlygyňyz esasynda işledim. Siz meniň üçin görelde mekdebi, mertligiň, ynsanperwerligiň nusgasy bolduňyz» diýip, Nurmyrdowa aýtdy.
Soňra Nurmyradowa prezidentiň özüne saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ähli şerti döredendigini, emma soňky wagtlarda keseliniň agyrlaşýandygyny aýtdy hem özüniň saglyk ýagdaýy boýunça işden boşadylmagyny sorady.
Prezident Berdimuhamedow her bir adam üçin ilkinji nobatda saglygyň möhümdigini belläp, oňa saglygyny bejertmegi maslahat berdi we şondan soň öz ukybyna görä iş bermek meselesine gaýdyp gelinjegini ýaňzydyp, «Nurmyradowa, siz gidibilersiňiz» diýdi.
Soňra perzident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine M.Ýazmuhammedowany belleýändigini yglan etdi.
«Siziň hemmäňiziň bilşiňiz ýaly, M.Ýazmuhammedowa ozal hem Ministrle kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi, biz ony bu wezipeden boşadyp, Zenanlar birleşiginiň, şeýle hem Kärdeşler arkalaşyklarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin şu jemgyýetçilik guramalaryna işe iberipdik» diýip, prezident aýtdy.
Şeýle-de prezident Berdimuhamedow ýurduň medeniýet ministri G.Mämmedowany, başga işe geçmegi sebäpli, işden boşatmak barada karara gelendigini, oňa «Bagt köşgi» edaralar merkezine ýolbaşçylyk etmek baradaky jogapkärli wezipäni ynanýandygyny aýtdy.
Maslahatyň dowamynda ýurduň oba hojalyk ministri R.Bazarow hem, başga işe geçmegi sebäpli, işden boşadyldy. Onuň ýerine "Türkmenobahyzmat" berleşiginiň başylygy Çarygeldi Çarlyýew bellenildi.
"Türkmenobahyzmat" birleşiginiň başlyklygyna bolsa, Begmuhammet Hommakow bellenildi.
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň häkimi A.Kakabaýew, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi M.Çaryýew, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimi R.Beşerow, Baş prokuraturanyň geçiren barlaglary esasynda, «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, işden boşadyldy.
Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurtda häzir iki müňden gowrak uly göwrümli gurluşyk obýektleriniň gurulýandygy, olaryň umumy bahasynyň 40 milliard amerikan dollaryna golaýdygy habar berildi.

G.Saryýew energetika ministri wezipesine bellenilse, N.Kadyrow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlyklygyna, A.Işanow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlyklygyna bellenildi.