Bagşylar öý-muzeýi
Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň kenarýaka köçesinde ýaşaýan 1941-nji ýylda doglan pensioner Ýagmyrow Italmaz öz serişdesiniň hasabyna, öz öýünde BAGŞYLAR ÖÝ-MUZEÝINI döredipdir. Ol bu iş bilen 1970-nji ýyllardan bäri meşgul bolýandygyny gürrüň berýär. Muzeýde Türkmenistanda ýaşap geçen hemde häzirki bar bolan meşhur bagşy-sazandalar barada maglumatlar, olaryň wideo-audio ýazgylary, suratlary saklanylýar. Göwrümi boýunça uly bolmadyk ýaşaýyş jaýy häzirki günde muzeý üçin darlyk edýändigi duýulýar.