Rita Krawçenko ozallar Gara deňizde suwa düşmekden aňrybaş lezzet alardy. Ýöne soňky döwürlerde bu ýagdaý kän bir gaýtalananok. Üç ýyl mundan ozal şol deňze suwa düşensoň, Ritanyň bedenine gyzyl tegmiller örüp başlaýar.
Krawçenko Soçiniň 18 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Üçdere obasynyň ýaşaýjysy. Ol özüniň duçar bolan deri keseliniň deňze zyňylýan zibiller sebäpli ýüze çykandygyna göz ýetiripdir. Aktiwistler agzalýan zibilligiň alty ýyl mundan ozal ýapylmaly edilendigini aýdýarlar.
Soçide geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri daşky gurşawa has hem oňaýsyz täsir edýär. Öz-özünden ot alýan zibil depelerinden çykýan goýy tüsse töwerege ýaýraýar. Obanyň ýerli ýaşaýjylary özlerine täsir etjek uzak möhletli saglyk kynçylyklarynyň netijelerinden alada bildirýärler. Köpürjikli suwuny Gara deňze guýýan Bytha derýasynyň koka-kolanyň reňkine meňzeş suwy bar.
Ynha, şu ýagdaýlar Kremliň 2014-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlaryny, daşky gurşawa zyýan bermezden, taryhdan şu güne çenli bolan Olimpiýa oýunlarynyň arasynda ekologiýa taýdan iň bir sazlaşykly boljakdygy barada berýän wadalaryna ters gelýär. Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki mediasy hökümetiň bu wadalaryny yzygiderli gaýtalap, lenjini çykarýar.
Demirgazyk Kawkazdaky “Ekologiýa barlagy” bileleşigine degişli aktiwist Ýuliýa Naberežnaýa soňky birnäçe ýylyň dowamynda Soçide bolan ekologiki näsazlyklara baha bermek bilen, hökümetiň tekrarlaýan wadalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmaýandygyny aýdýar: “Bu reklamadan başga hiç zat däl. Berilýän wadalar halkara jemgyýetçiliginiň gözüni boýamak üçin edilýän gürrüňler. Bu diňe şygardan ybarat.”
Demirgazyk Kawkazdaky “Ekologiýa barlagy” bileleşigine degişli aktiwist Ýuliýa Naberežnaýa soňky birnäçe ýylyň dowamynda Soçide bolan ekologiki näsazlyklara baha bermek bilen, hökümetiň tekrarlaýan wadalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmaýandygyny aýdýar: “Bu reklamadan başga hiç zat däl. Berilýän wadalar halkara jemgyýetçiliginiň gözüni boýamak üçin edilýän gürrüňler. Bu diňe şygardan ybarat.”
Wladimir Putiniň güýmenjesine öwrülen taslamalara ýanaşmak aktiwistler üçin gaty howply ýagdaý. Muny ýerli aktiwistleriň ählisi oňat bilýärler. Olaryň köpüsine häkimiýetler tarapyndan yzygiderli azar berilýär. Aktiwistlerden biri ýurdy terk etmäge mejbur boldy. Beýlekisi türme tussaglygyna höküm edildi.
Muňa garamazdan, olar aýak direýärler. Aktiwistler ozallar kurort şäheri hökmünde giňden tanalýan Soçiniň Kremliň “tagallalary” bilen gyşky dynç alyş merkezine öwrülmegi şäheriň gözelliklere baý tebigatyna urlan zarba diýýärler.
Soçi 30-njy ýyllarda, Staliniň döwründe kurort şäheri diýlip yglan edilipdi. Wagtyň geçmegi bilen şäheriň halk arasyndaky meşhurlygy artyp soňabaka Sowet Soýuzynyň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlar Soçiniň dynç alyş we sagaldyş merkezlerine gelip başlaýarlar.
Soçidäki “Geografiýa jemgyýetinden” Mihail Plotnikow oňat günleriň yzda galandygyny aýdýar: “Indi biz bu şäheriň medeni dynç alyş we sagaldyş merkezi bolandygyny unudarys. Deňze barmak üçin ýoldaky ulaglaryň dyknyşygyndan ýaňa iki sagadyny ýitirip, goh-galmagaldan ýaňa çaýkanýan şähere kim geler öýdýärsiňiz? Elbetde, köpsanly sagaldyş merkezler geljekde-de bolar, ýöne ozallar millionlarça adam Soçiniň tebigatyndan lezzet almak üçin bu ýerlere gelerdi. Indi bolsa millionlap adam gelenok, tebigaty hem zaýalanýar.”
Ýerliler, azaşyp obalara gelýän aýylar barada-da gürrüň edýärler.
Orsýetiň “Geografiýa jemgyýetiniň” Soçi şahamçasynyň başlygy Feliks Iwanenko tebigatyň örän uly zyýan çekýändigini we on müňlerçe gektar ýeri öz içine alýan Soçidäki Milli parkyň çäklerine hem bu ekologiki heläkçilikleriň täsiriniň ýetýändigini aýdýar.
Orsýetiň “0 (nol) zibil” programmasy hem köpler tarapyndan tankyt edilýär. “Soçi-2014” golaýlaşdygyça zibiliň gaýtadan işlenip ulanylmagy barada ýygy-ýygydan gürrüňler edilýär we wadalar berilýär, ýöne şol bir wagtyň özünde şäheriň dürli ýerlerinde bikanun zibilhanalaryň dörändigi hem hasaba alynýar.
Gürrüňi edilýän zibilhanalardan biri hem Üçderedäki zir-zibil zyňylýan ýerdir. Ol ýerdäki zibilhana 2012-nji ýylyň iýun aýynda eýýäm ýapylmalydy, ýöne 2013-nji ýylda-da agzalýan zibilhana zibil dökmeklik dowam edipdir.
Häzirki wagtda şol zibilleriň Soçiden çykarylyp, Beloreçenskiniň 250 kilometr demirgazygynda ýerleşýän giň meýdana daşalýandygy habar berilýär. Ýerli aktiwistler munuň wagtlaýyn çäredigini aýdýarlar.
Şeýle wakalar barada resmi metbugatda dil ýarylmaýar. Eger-de ýerli aktiwistler bolýan zatlar barada adamlary habarly etmese, onda bu zatlar barada hiç kim hiç zat bilmezdi. Olar bolsa özlerine haýbat atylýandygyny, telefonda gepleşýän wagtlarynda liniýanyň birden kesilýändigini aýdýarlar.
Daşky gurşawy goraýan aktiwistler
Daşky gurşawy goraýan aktiwistler
Daşky gurşawy goramak boýunça ýerli aktiwist Wladimir Kimaýew geçen bahar paslynda polisiýa gulluklary tarapyndan öýüniň dökülendigini aýdýar. 31-nji oktýabrda Demirgazyk Kawkazdaky “Ekologiýa barlagy” bileleşiginiň aktiwisti Andreý Rudomaha polisiýa işgärleri tarapyndan gysga wagtlyk tussag edilip, soň goýberildi.
Şondan birnäçe gün geçensoň beýleki bir aktiwist Dmitriý Şewçenko Federal howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanyldy. Oňa “seni terroriste meňzetdik” diýipdirler.
Daşky gurşawy goramak boýunça aktiwistlere azar berilmegi olaryň jebisleşmegine getirdi.
Bir tarapdan aktiwistlere garşy çäreler berkeýär, beýleki bir tarapdan bolsa Krawçenko ýaly zibiliň täsirinden ejir çekýän adaty raýatlar zibilhanalardan dörän depeleriň alkymynda ýaşamaly bolýarlar.
Rita Krawçenko bu barada şeýle diýýär: “Olar indi bu ýere başga zibil getirip dökmezler diýip umyt edýärin. Eger-de bu ýere zibilleriň dökülmegi dowam etdirilse, onda olar tutuş derýany zäherläp, soňra deňze guýlar. Ana, şonda welin düýbünden umydymyzy ýitireris.”