Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Türmeden-türmä gizlin göçüriliş…


"Pussy Riot" toparynyň tussaglykdaly agzasy Nadežda Tolokonnikowa.
"Pussy Riot" toparynyň tussaglykdaly agzasy Nadežda Tolokonnikowa.
Daňyň ýagtylaryna garaşmazdan, tümlüge dulanyp, Orsýetiň türme gullukçylary garaşylmadyk ýagdaýda Murmanskiniň türmesinde saklanýan otuz sany Greenpeace aktiwistini howul-hara çykaryp, uzak demirgazykda ýerleşýän bir şäheriň türmesine alyp gitmek üçin otla mündürýärler.

Tussaglaryň aklawçylaryna we ýakyn garyndaşlaryna “göçhä-göçlük” barada öňünden hiç zat aýdylmandyr. Aslynda tussaglaryň nirä göçürilýändigi barada-da anyk zat ýokdy. Olaryň barmaly şäherine haçan gowuşjakdyklary barada-da hiç zat hiç kime mälim däldi.

Duşenbe güni, 11-nji noýabrda, bolup geçen “tussag göçürilişigi” beýleki göçüşliklerden üýtgeşik bir tapawut edenok. Ýöne barlagçydyr-derňewçileriň agzalýan toparyň Sankt-Peterburgdaky tussaghana göçürilýändiklerini yzly-yzyna mälim etmekleri, ynha bu, adatdan daşary ýagdaýdy.

Tolokonnikowa

Orsýetde türmelerden tussaglaryň göçürilmegi birnäçe günläp ýa-da hepdeläp, hatda kämahallar aýlap hem dowam edýär. Şeýle-de, “Pussy Riot” toparynyň tussaglykda saklanýan agzasy Nadežda Tolokonnikowanyň düşen ýagdaýy bir zady açyk aýan etdi, ýagny Orsýetde häkimiýetleriň tussaglaryň nirede saklanýandyklary barada ýa-da tussaglykda saklanýan döwründe tussagyň ýaşaýyş şertleri barada hiç hili resmi maglumat bermäge borçly däldigini görkezdi.

Tolokonnikowanyň saklanýan ýeri 21-nji oktýabrdan bäri tas döwlet syryna öwrüldi diýen ýaly. Şonda türme başlyklary Mordowa respublikasyndaky nomer 14-nji aýallar türmesinde saklanýan Tolokonnikowanyň näbelli bir ýere göçürilýändigini aýtdylar.

"Etapirowaniýe"

Tolokinnikowanyň duçar bolan gizlin hem-de mejbury syýahaty bir zada ünsi çekdi, ýagny tussaglar oňaýsyz ýollarda köne türmelerden täze tussaghanalara gizlinlikde göçürilýärler we bu prosesi orslaryň özi “etapirowaniýe” diýip atlandyrýarlar.

“Etapirowaniýe” edilende tussaglar bir ýerden başga ýere içi gözenekli ulaglarda göçürilýärler. Şol demir gözenekli ulaglarda göçürilmeli edilen tussaglar uklap hem-de dynç alyp bilýärler. Ýöne olaryň bir otludan düşürilip beýleki “tussaghana otlusyna” garaşmaklary we eltilmeli soňky nokada baryp ýetmekleri birnäçe günläp dowam edýär. Bu syrly “göçürilişik” tamamlanýança, tussaglar diňe demir gözeneklerde saklanýarlar.

Waleriý Sergeýew Moskwada ýerleşýän “Tussaghana reformalary” merkeziniň müdiriniň orunbasary bolup işleýär. Ol bu ugurdan öz pikirini şeýle beýan edýär: “Adamlaryň birdenkä öz garyndaşlarynyň we aklawçylarynyň gözünden gaýyp bolup ýitip gitmekleri, aýratynam häzirki döwürde düýbünden kabul ederliksiz ýagdaýdyr. Biziň ýaşaýan döwrümiz GULAG tussagçylyk düzgünleriniň höküm süren döwri däl ahyryn. Emma bu ýagdaý GULAG tussagçylyk sistemasyny ýada salýar.”

Sergeýew saklanan tussaglaryň ýaşaýyş şertlerini, olaryň nähili kynçylyklara döz gelmeli bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Kynçylyklar

Onuň aýtmagyna görä, “tussag göçürilşiginde” dört adamlyk kupe wagonlara 12 sany tussagy gabaýarlar, şeýle-de tussaglar özleri bilen bile 50 kg-lyk sumkalary ýanlary bilen götermeli edilýärler. Netijede olar uklamak üçin gezekleşmeli bolýarlar. Olara hajathanany günüň dowamynda diňe iki gezek, onda-da diňe belli wagtlarda ulanmaga rugsat berilýär. Tussaglara günüň dowamynda diňe iki gezek içimlik suw berýärler.

Tolokonnikowanyň adamsy Pýotr Werzilow aýalynyň nirededigini tapmak üçin “myş-myşlara” esaslanyp, üç hepdeden bäri müňlerçe kilometr ýoly sökmeli bolupdyr. Ol 11-nji noýabrda Sibirde ýerleşýän Krasnoýarsk şäherinden telefon arkaly Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy: “Biz onuň häzir anyk nirededigini bilemzok. Biz ol geçen dördünji gün, 7-nji noýabrda, Krasnoýarska gelendir diýip umyt edýäris. Ynha, şu maglumaty biz regioanl türme departamentindäki çeşmämizden alypdyk. Ýöne bu beýle bolmady. Indi bolsa bize onuň şu hepdäniň dowamynda IK-50 lagerine getirilmeginiň ahmaldygy aýdyldy. Bu lager Krasnoýarskiden 300 km. uzaklykdaky Nižniý Ingaş şäherçesinde ýerleşýär”.

2012-nji ýylyň awgust aýynda “Pussy Riot” toparynyň agzalary Tolokonnikowa, Mariýa Alýohina we Ýekaterina Samutsewiç dagylar dini duşmançylyga meçew berýär diýlip, “huligançylykda” aýyplandylar we munuň netijesinde iki ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Olar 2012-nji ýylyň martynda “Punk Prayer” atly aýdymy ýerine ýetirensoňlar, tussag edilipdiler. Agzalýan aýdymda keramatly Bibi Merýeme Orsýeti Wladimir Putinden halas et diýlip ýalbarylýardy.

Samutsewiç 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda synag möhleti bilen azatlyga goýberildi. Alýohina bilen Tolokonnikowanyň bolsa 2014-nji ýylyň martynda tussaglykdan boşamaklaryna garaşylýar.

Ýazyjy we oppozisioner aktiwist Dmitriý Bykow öz şahsy blogunda Tolokonnikowany “prezidentden soň dünýäniň iň meşhur orsy” diýip atlandyrýar. Ýazyjy bu tussagyň Orsýetiň häkimiýetlerini öz-özlerini biabraý etmäge yzygiderlilik we tutanýerlilik bilen mejbur edýändigini ýazýar.

Açlyk

Tolokonnikowa Mordowadaky aýallar türmesiniň şertleriniň ýaramazdygyny garşy protest bildirmek üçin sentýabr aýynda açlyk yglan edip, özüniň başga türmä göçürilmegini talap etdi.

Prezidentiň Adam hukuklary boýunça geňeşi onuň hasabatlaryny tassyklady. Agzalýan dawa köpçüligiň nazaryndan sypan bir meselä içgin ünsi çekdi we “reformalar” bolar diýen umydy döretdi.

Şondan soň Tolokonnikowa hassahana ýerleşdirildi, ýöne saglyk ýagdaýy gowulaşansoň, ol ýene öňki ýerine, Mordowadaky aýallar türmesine alnyp gidildi. Emma Tolokonnikowa yzyna baransoň, ýene-de açlyk yglan etdi we bu gezek häkimiýetler ony başga türmä göçürmeli diýen karara geldiler. Ynha, şol karardan bäri hem Tolokonnikowanyň nirededigini bilýän adam ýok. Geçen hepde, has takygy 6-njy noýabrda, Amnesty International guramasy resmi suratda ors häkimiýetlerinden tussagyň ýerleşýän ýerini aýtmaklaryny sorady.

Sergeýewiň aýtmagyna görä, türmeleriň tussag daşaýan ulaglarynyň köpüsi 60-njy ýyllarda öndürilen maşynlar. Elbetde, soňky döwürlerde Orsýetiň Federal türme hyzmatlary edarasy agzalýan ulaglary çalşyp başlapdyr, ýöne köne ulaglardaky demir kapasalarda ne aýna bar, ne-de howa çalşygyny üpjün etjek başga bir zat. Tussag iki günläp şonuň içinde ýaşasa, saglygyna güýçli zyýan ýetip biljekdigini hem Sergeýew gürrüň berýär.

Werzilowyň aýtmagyna görä bolsa, onuň aýalynyň şeýle uzak aralyklara göçürilmeginiň aňyrsynda ýeke-täk sebäp bar, ýagny Federal türme hyzmatlary edarasy Tolokonnikowadan ar almak isleýär.

Werzilow bu barada şeýle diýýär: “Ony izolirläp, başga ýere uzak wagtlyk göçürmeklerini we göçürilişiň uzaga çekmegini diňe bir sebäp bilen düşündirip bolar, ýagny Orsýetiň türme sistemasy Nadeždanyň türmede adam hukuklarynyň kemsidilişi barada ýazan hatyndan biynjalyk bolup, ondan ar aljak bolýarlar.
XS
SM
MD
LG