Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŞHG Owganystan babatda çykalga agtarýar


ŞHG-niň sammitine gatnaşyjylar.
ŞHG-niň sammitine gatnaşyjylar.
ŞHG-nyň anna güni (13-nji sentýabrda) geçýän sammitinde Owganystan we NATO güýçleriniň bu ýurtdan çykmagynyň regiona ýetirjek täsiri baradaky meseläniň esasy orunlaryň birini tutmagyna garaşylýar.

Emma ŞHG-nyň regional howpsuzlyk gözegçisi bolmak islegine garamazdan, onuň bu wezipä hötde geljegine şübhe bar.

NATO-nyň onlarça müň esgeri Owganystandan çykmaga taýýarlanýar, Ýewraziýanyň çalajan syýasy we howpsuzlyk ýaranlygy bolsa, öz agzalaryň territoriýasyndaky jeňçiligiň öňüni almagyň çäresini agtarýar

Ekspertleriň aýtmaklaryna görä, bu ýerde problema ŞHG-nyň sebitiň howpsuzlyk gözegçisine öwrülip bilmek başarnygynyň ýeterlik bolup görünmezliginde.

Kuwwatly Orsýet we Hytaý tarapyndan öňi çekilýän ŞHG öz daşyna Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa döwletlerini jemläp, owgan meselesinde ylalaşyk tapmaga çalyşdy.

Bökdençlik nämede?

Londonda ýaşaýan kontrterroizm eksperti Raffaello Pantuksiniň pikirine görä, ŞHG-nyň düzgünnamasynyň ähli hereketlerde umumy ylalaşygy talap etmegi bu guramanyň geljekde Owganystandan abanýan howp-hatarlaryň hötdesinden gelmegine bökdençlik döredýär.

Başda 1996-njy ýylda «Şanhaý bäşligi» diýlip döredilen gurama 2001-nji ýylda, Özbegistanyň goşulmagy bilen adyny üýtgetdi we ŞHG öz missiýasyny Ýewraziýa howpsuzlygyna hem-de serhet goragyna gönükdirdi.

Ýyllar aýlanyp, hususan-da Owganystandan abanýan terror we neşe gaçakçylygy ýaly howp-hatarlar esasynda, bu ýaranlygyň roly has-da giňedi.

Emma, Pantuksiniň pikirine görä, niýet belli edilenem bolsa, bu howp-hatarlara garşy durup biljek mehnizmler we guramalar welin döredilmedi:

"Ol ýerde hemişelik goşun ýok. Ol çakgan hereket edýän resmi güýçleri bolan Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy ýaly däl. Olaryň bu problemalara iş ýüzünde döz gelip biljek enjamlary we infrastrukturasy ýok."

Bähbitleriň bäsleşigi

Londonyň Patyşalyk Bilelikdäki hyzmatlar institutynyň ylmy işgäri Şaşank Joşi bu pikir bilen ylalaşýar. Ol ŞHG-nyň netijeliliginiň Orsýet bilen Hytaýyň basdaşlykly regional bähbitleri zerarly peselendigini aýdýar:

"Hytaý Owganystandan uç alýan yslam ekstremizminden öňden bäri aladaly. Şol bir wagtda-da ol «Talyban» bilen gatnaw açdy we «Talybanyň» esasy daşarky goldawçysy bolan Pakistan bilen berk aragatnaşykda durýar. Şeýlelikde, Hytaý öz mümkinçiliklerini açyk saklaýar. Orsýetliler bolsa, «Talybana» garşy has berk ikirjiňlendi we Pakistanyň roluna köpräk şübhe bildirip, anti-talyban güýçleri goldamaga köpräk ýykgyn etjege meňzeýär."

Joşi Pekiniň şu tomus «Talyban» bilen gatnaşyk edendigi barada aýdylýanlary nazarda tutýar.

Mundanam başga, Joşi eger-de regional oýunçylar bolan Hindistana, Pakistana we Eýrana anna güni Bişkekde geçýän sammitde doly agzalyk kepillendirilse, munuň ýagdaýlary has-da çylşyrymlaşdyryp biljegini duýdurýar.

"Bu hakyky gapma-garşylyklaryň topary we bular ol ýerde diňe käbir ugurlarda hyzmatdaşlyk edip biler" diýip, ol aýdýar.
XS
SM
MD
LG