Türkmenabatda ýüzärlikçiler köpelýär
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bazarlarynda soňky ýyllar ýüzärlik ýakyp pul dileýän ýaş ýigitlere, çagalara, hat-da uly ýaşly zenanlara köp duş gelse bolýar. Ýüzärlikçiler bazarlaryň içinde-de aýlanýarlar. Çaga ýüzärlikçiler bolsa esasan-da jemgyýetçilik transportlarynyň öňüne baryp awtobusdan düşýän adamlara dürli alkyş sözleri aýdyp, olardan pul dileýärler. Ilatyň arasynda olara pul berýänler bilen bir hatarda, ýaman göz bilen garaýanlar hem bar.